Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: “Al-Kaýda” bilen hyzmatdaşlyk edilmedi


Şu gün Pakistanyň daşary işler ministri Salman Başir ýurduň aňtaw agentliginiň “Al-Kaýda” bilen hyzmatdaşlyk edýändigi barada bildirilýän aýyplamalaryň galp aýyplamardygyny nygtap çykyş etdi.

Şu hepde amerikan resmileri Pakistanda Osama bin Ladeniň öldürilmeginiň yzy bilen Pakistanyň aňtaw gulluklaryny “Al-Kaýda” bilen hyzmatdaşlyklarda aýyplap çykyş edipdiler.

Bu meselä bagyşlanylyp şu gün Yslamabatda gurnalan metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda Salman Başir geljekde Pakistanyň territoriýasynda amerikalylar tarapyndan şuňa meňzeş operasiýalaryň gurnalan halatynda onuň «örän ýaramaz netijeleri» berjekdigini aýdyp, duýduryş berdi.
XS
SM
MD
LG