Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saman astyndan saýlawlara taýýarlyk


Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy Myrat Garryýew (öňden sagda)
Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy Myrat Garryýew (öňden sagda)
Şu günler Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň 2012-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlaryna taýýarlyk çärelerini görüp başlandygy barada habarlar gelip gowuşýar.

Prezident saýlawlaryny geçirmegiň möhletiniň gitdigiçe azalýandygyna garamazdan, ýurtda bu möhüm syýasy çäre babatda resmi hiç zat aýdylmaýar. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň alyp barýan guramaçylyk işleri bolsa gizlin harby operasiýasyna çalym edýär.

Kimler kandidat bolar?

Ýurduň häzirki baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň geljek prezident saýlawlarynda öz kandidaturasyny goýjakdygy hakda hiç kimde hiç hili şübhe ýok. Ýöne Berdimuhamedowa garşydaş kandidatlaryň kimler boljakdygy hiç kime aýan däl. Prezident saýlawlaryna oppozisiýa wekilleriniň gatnaşdyrylmajakdygyna hem hiç kim şübhelenmeýär.

2012-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlarynyň 2007-nji ýyldakydan tapawutly bolmajakdygy çaklanylýar. Saýlawlar alternatiw görnüşinde geçirilse-de, bäsleşige gowşak kandidatlaryň saýlanylyp alynjakdygy mese-mälim. Prezident saýlawlaryna dalaşgärleriň Türkmenistanyň ýaşulularynyň maslahatynda belli edilmegi-de mümkin. Geçen saýlawlardaky ssenariýa gaýtalansa, onda ýurduň her welaýatyndan döwlet işinde gulluk edip ýören bir kandidat hödürlener.

Ýurduň prezidentligine kandidatlaryň ýylyň ahyrky aýlarynda görkezilmegi-de ähtimal. Şeýle taktika ilat arasynda beýleki kandidatlara bolan položitel garaýşyň artmazlygy üçin ulanylyp bilner. Sebäbi az möhletde kandidatlar öz saýlawçylary bilen duşuşyklary ýeterlikli geçirip bilmeseler, olaryň halk arasynda abraý gazanyp ýetişmejekleri düşnükli zat.

Saýlaw kampaniýalary

Eger-de saýlawlar erkin ýagdaýda geçirilmeli bolsa, onda prezident saýlawlaryna gatnaşjak kandidatlara şu günden saýlaw kampaniýalaryna girişmek zerur. Çünki uly territoriýaly Türkmenistanyň her bir nokadyna aýlanyp çykmak üçin esli wagt gerek.

Elbetde, Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellige alynmasalar, döwlet baştutanlygyna kandidatlara saýlaw kampaniýalaryny geçirmek bolmaz. Ýöne saýlawlara deslapky taýynlyk, saýlawçylar bilen has irgözinden tanyşlyk, olaryň arasynda programmaň barasynda düşündiriş işlerini geçirmek üçin uzak wagt gerek.

Garaz, erkin, demokratik saýlawlaryň geçiş tertibi hakynda haýsy tarapdan gürrüň gozgalsa, kelebiň ujy ýitýär. Aslynda kandidatlaryň saýlaw kampaniýalarynyň kim tarapyndan maliýeleşdiriljegi hem anyk däl. Dalaşgärleriň ählisiniň saýlaw kampaniýasyna bir gapjykdan pul çykaryp, olaryň saýlawçylar bilen duşuşygy geçen gezekki ýaly her welaýatda 500 orunlyk medeni klubda şol bir adamlar bilen ýekeje gezekden geçiriljek bolsa, onda bu duşuşyklaryň göz-görtele ýasama häsiýete eýe boljakdygy görnüp dur.

Saýlaw kampaniýalary babatda aýdylanda, onda ýurduň häzirki ýolbaşçysy eýýäm ýylyň başyndan «duýdansyz sapar» bahanasy bilen, etraplarda ilat bilen birnäçe duşuşyklary gurady. Sada halkyň halyndan habar alyp, soňundan bolsa, bu saparlar barasynda mediada näçe şowhun turuzsa-da, prezidentiň «duýdansyz saparlary» raýatlaryň arasynda diňe ýaňsy bilen kabul edildi. Çopan goşundaky gymmat bahaly halylar prezidentiň saparlarynyň asla duýdansyz däldigini iň bir sada raýata hem aýan etdi.

Şeýle ýasama saparlardan netije ýokdugyna göz ýetirildimi nämemi, soňky iki aý bäri prezidentiň «duýdansyz saparlary» birden kesildi.

Halk umyt edýär

Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soň, diňe 2007-nji ýylda birnäçe kandidatlaryň gatnaşmagynda prezident saýlawlary geçirilipdi. Ýöne ol saýlawlar duýdansyz ýüze çykdy hem-de halk äm-säm ýagdaýdaka geçirildi.

Syýasy çärelerden üzňe halk Mejlisiň deputatlygyna, ýa bolmasa etrap, welaýat halk maslahatynyň agzalygyna bolýan saýlawlaryň geçişine biparh garaýan-da bolsa, geljek ýylda boljak prezident saýlawlaryna uly gyzyklanma bildirýär. Prezident saýlawlaryna taýýarlyk görülýändigi baradaky habaryň ýaýran gününden, ilat arasynda saýlawlara nähili kandidatlaryň hödürleniljekdigi bilen bagly gyzyklanmalar döräp ugrady.

Prezident saýlawlary türkmen halky üçin ykbal çözüji saýlaw. Saýlawlaryň erkin, demokratik ýagdaýda geçirilmejekligine halk köpçüliginiň gözi ýetip duran-da bolsa, türkmenistanlylaryň aglaba bölegi özleriniň isleýän adamlaryny döwlet başynda göresleri gelýändigini aňmak kyn däl.

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG