Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Özbegistana bardy


Berdimuhamedow özbek kärdeşi Kerimow bilen duşuşýar, Daşkent, 5-nji maý.

Berdimuhamedow özbek kärdeşi Kerimow bilen duşuşýar, Daşkent, 5-nji maý.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimowyň teklibini kabul edip, 5-nji maýda iki günlük sapar bilen Özbegistana bardy.

Resmi habar agentlikleriniň maglumatyna görä, iki ýurduň prezidentleriniň duşuşygynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri, taraplary gyzyklandyrýan regional we halkara meseleler maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda prezident Yslam Kerimow Owganystandaky ýagdaýyň durnuklaşdyrylmagy boýunça Türkmenistanyň eýeleýän pozisiýasyny Özbegistanyň goldaýandygyny mälim etdi.

Türkmen prezidenti Gurbaguly Berdimuhamedow bolsa, regionda ekstremistik ideologiýalaryň ýaýbaňlanmagyna, kontrabanda, neşe, ýarag we adam söwdasy bilen meşgullanýan jenaýatçy toparylaryň iş alyp barmagyna degişli halkara aladalar boýunça Özbegistan bilen, hem ikitaraplaýyn formatda, hem köptaraplaýyn formatda hyzmatdaşlyga Aşgabadyň taýýardygyny bildirdi.

Gepleşiklerden soň söwda, ylym we tehnika hem-de medeni ugurlara degişli ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol goýuldy.

Halklaryň islegi

Kemal Batyrow Özbegistanyň Türkmenistan bilen serhetdeş Buhara welaýatynda ýaşaýar. Ol üç hepde öň 8 amerikan dollaryny töläp, Türkmenistana baryp gaýdandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, serhetden geçmek öňküler ýaly kyn däl.

"Öňler araçäkden geçmek gaty kyndy. Serhetçiler araçäkden geçmäge baranlary adam ornunda görmeýärdiler. Serhetden geçjegiň-geçmejegiň-de ol ýerde duranlaryň keýpine baglydy. Emma häzir onuň ýaly däl. ‘Gel, ýaşuly, geçiber’ diýýärler" diýip, Batyrow aýdýar.

Batyrowyň sözlerine görä, raýatlara Türkmenistana geçmäge bir aýda diňe bir gezek we üç günlük wiza berilmegi ýerli ýaşaýjylar üçin örän az. Ol bu iki döwletiň arasynda wiza ýatyrylsa, iki ýurduň gatnaşyklaryna has gowy täsir etjekdigini aýdýar.

"Halk üçin häzir aragatnaşyk has gowulansa, Türkmenistana barmak ýene-de ýeňilleşdirilse gowy. Hany bizem edil öňküler ýaly gelin alyp, gyz bersek, ýakyn gan-garyndaş bolup ýaşasak" diýip, Batyrow aýdýar.

Buhara welaýatynda 20 müňden gowrak türkmen ýaşaýar. Olar her sapar iki prezident duşuşanda, serhet bilen bagly kynçylyklar çözler diýip, umyt edýärler.

Serhet problemalarynyň çözülmegini diňe Özbegistanda ýaşaýan türkmenler däl, eýse serhetýaka sebitlerinde ýaşaýan özbekler hem isleýärler.

700 müň özbek

Garaşsyz maglumatlara görä, Türkmenistanyň Özbegistan bilen serhetdeş Daşoguz we Lebap welaýatlarynda 700 müňden gowrak etnik özbekler ýaşaýarlar.

Horezmli Suhbat Abdulla türkmen-özbek serhediniň golaýyndaky Şabat etrabynda ýaşaýar. Onuň Türkmenistanda ençeme garyndaşy ýaşaýar. Serhet bilen baglanyşykly problemalaryň garyndaşlary bilen görüşmek, toýda-ýasda bile bolmak däplerine ýaramaz täsir edýändigini aýdan Abdulla serhetden arkaýyn geçmegi, wiza düzgüniniň bolsa umuman ýatyrylmagyny möhüm hasaplaýar.

Abdulla iki prezidentin duşuşygynda erkin söwdany ýola goýmak meselesiniň seredilmegini isleýär: "Serhet ýapylmazyndan öň Özbegistandan Türkmenistana gök önümler geçirerdiler. Türkmenistandan bolsa Özbegistana Eýrandan, Pakistandan getirilýän sitrus miweleri, halylar geçýärdi. Onsoň benzin köp geçýärdi. Häzir iki ýurduň arasynda söwda-satyk işlerini ýola goýmak barada kanun kabul etseler, halk üçin bähbitli bolardy".

Türkmenistandan Özbegistana ýa-da Özbegistandan Türkmenistana gelin bolup düşen, bir eýýäm birnäçe çagaly maşgalalar raýatlyk alyp bilmän kösenýärler. Şeýle maşgalalar hakda türkmen-özbek serhetýaka sebitinde ýaşaýan Gurban Saparmädow şeýle diýdi: "Şeýle gelinleri Özbegistandan deportasiýa etdiler. Emma olaryň çagalary ýurtda ýetim galdy. Şol sebäpden birnäçe maşgalalar aýrylyşmaga mejbur boldular. Kanun boýunça şeýle diýýärler".

Gazojakly Oraz aga iki ýurduň arasynda pasport çalşygy ýola goýulsa, ýönekeý halk üçin gowy boljakdygyny aýtdy: "Häzir 3-4 müňe golaý özbegistanly ýigitler pasportsyz gezip ýörler. Olar SSSR wagtynda Türkmenistanda ýaşap, Türkmenistandan pasport alyp, soňra Özbegistana giden ýigitler. Türkmenistanda hem öň Özbegistanda ýaşap, soň Türkmenistana göçüp baryp, şu mahala çenli raýatlyk alyp bilmän ýörenler kän. Şol pasport bilen bagly meseläni çözseler, halk üçin uly iş etdikleri bolardy".

Penşenbe güni Berdimuhamedow bilen baran delegasiýanyň wekilleri özbegistanly etnik türkmenler bilen duşuşdylar. Anna güni bu delegasiýanyň Buharanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan turkmenistanly studentler bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar.

Buharada 100-den gowrak türkmenistanly student okaýar diýlip, habar berilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG