Sepleriň elýeterliligi

Obama 9/11 pidalaryny ýatlap, çemen dessesini goýdy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Nýu Ýork şäherinde 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda terror hüjüminiň amala aşyrylan ýerinde çemen dessesini goýup, Osama bin Ladeniň ölümini belledi.

Prezident Obama bu ýerdäki ýygnanan adamlara: “Haçan-da biz muny unutmarys diýenimizde, diýen zadymyzyň arkasynda durýarys” diýdi.

Şu hepdäniň başynda Birleşen Ştatlaryň Pakistanda geçiren oprasiýasy netijesinde “Al-Kaýda” terror toparynyň lideri Osama bin Laden öldürildi.

“Al-Kaýda” topary tarapyndan planlaşdyrylan janyndan geçenleriň hüjümlerinde Nýu-Ýorkda, Waşingtonda we Pensiliwaniýada jemi 3,000 töweregi adamyň öldürlendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG