Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marokkodaky partlama boýunça 3 adam tussag edildi


Marokkonyň Marrakeş şäherindäki kafeleriň birinde mundan bir hepde ozal amala aşyrylan partama dahyllylykda gümän edilip, ýurduň üç raýaty tussag edildi.

28-nji aprelde “Argana” kafesinde amala aşyrylan şol partlamada 16 adam, şol sanda ençeme daşary ýurtly turist öldi, 20 töweregi adam ýaralandy.

Içeri işler ministrliginiň berýän maglumatyna laýyklykda, tussag edilenleriň arasynda bu partlamanyň esasy gurnaýjysy-da bar. Aýdylmagyna görä, ol “Al-Kaýda” topary bilen hem ilteşikde bolupdyr.

Tussag edilen beýleki iki adam barada hiç hili maglumat berilmedi.
XS
SM
MD
LG