Sepleriň elýeterliligi

Yrakdaky partlamada azyndan 20 adam öldi


Yragyň Hillä şäherinde awtoulagyň partladylmagy sebäpli azyndan 20 adam öldi, başga-da onlarça adam ýaralandy.

Resmileriň berýän maglumatyna laýyklykda, janyndan geçen hüjümçi awtoulagyny şäher polisiýasynyň baş edarasynyň binasyna baryp urupdyr.

Bu hüjümde heläk bolanlaryň aglabasynyň polisiýa işgärleridigi hem habar berilýär.

Partlamada polisiýanyň binasyna we onuň töweregindäki jaýlara-da zeper ýetdi.
XS
SM
MD
LG