Sepleriň elýeterliligi

Liwiýaly gozgalaňçylar üçin hemaýat fondy dörediler


Fransiýanyň aýtmagyna görä, öňümizdäki hepdeleriň dowamynda Liwiýanyň gozgalaňçylaryna kömek bermek üçin ýörite hemaýat fondy dörediler.

Fransiýanyň daşary işler ministri Alen Žüpi bu barada Rimde geçirilen Liwiýa boýunça aragatnaşyk toparynyň duşuşygynyň dowamynda aýtdy.

Şeýle-de Britaniýanyň daşary işler ministri Uilliýam Hagyň žurnalistlere aýtmagyna görä, Tripolä garşy basyş artdyrylar.

Liwiýanyň hökümeti bu baradaky beýanatlary ret edip, “dünýäniň Rimde duşuşyk geçirýänleri däl-de, Liwiýanyň taýpalaryny diňlemelidigini” aýtdy.

Muammar Kaddafiniň güýçlerine garşy göreşýän pitneçileriň berýän maglumatyna laýyklykda, çaknyşyklarda 10,000 töweregi adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG