Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet 19 milletçini türme tussaglygyna höküm etdi


Orsýetiň Sankt-Peterburg şäheriniň sudy iki adamy öldürmekde we jynsparazlyk hüjümlerini amala aşyrmakda aýyplap, 19 adamy türme tussaglygyna höküm etdi.

AFP habar agentliginiň berýän maglumatyna görä, bu toparyň ýolbaşçysyna dokuz ýyl, beýleki agzalaryna bolsa ýedi ýyla çenli türme tussaglygy berlipdir.

Sagçy jynsparaz toparynyň agzalary 2007-nji ýylda slowýan keşbi bolmadyk adamlara ýigrenç bilen hüjüm etmekde, şol sanda bir özbegi we ermenini öldürmekde günäli tapyldylar.

Prokurorlaryň aýtmagyna görä, bu topar öz hüjümlerini wideo düşürip, olary internetde hem ýerleşdiripdir.
XS
SM
MD
LG