Sepleriň elýeterliligi

Bin Laden reýdi barada has köp maglumatlar ýüze çykdy


Pakistanly adam “Osama Bin Şäherçesi” diýlip, üstüne ýazgy ýazylan diwaryň deňinden geçip barýar, Abbottabat, 2011-nji ýylyň 6-njy maýy.

Pakistanly adam “Osama Bin Şäherçesi” diýlip, üstüne ýazgy ýazylan diwaryň deňinden geçip barýar, Abbottabat, 2011-nji ýylyň 6-njy maýy.

Amerikan resmileriniň aýtmagyna görä, Osama bin Ladeniň Pakistanda öldürilmegi Merkezi aňtaw gullugynyň Abbottabatdaky gizlin jaýyndan onuň bolýan ýerine gözegçilik etmegi netijesinde mümkin bolupdyr.

"The New York Times" we "The Washington Post" gazetiniň resmi çeşmelere salgylanyp ýazmagyna görä, Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) Abbottabatdaky jaýy öten awgustda Bin Ladeniň Pakistanda nirede gizlenýändigi belli bolansoň döredilipdir.

Aýdylmagyna görä, MAG-niň işgärler "Al-Kaýdanyň" başlygynyň bolýan jaýyny onuň golaýynda kireýine alnan bir jaýdan ençeme aýlap synlap gezipdirler. Ol ýerde ýaşaýanlary, ol ýere gelip-gidýänlary surata düşüripdirler.

"Jamaat-e-Islami" dinçi syýasy partiýasynyň aktiwistleri ABŞ-a garşy şygarlary gygyryp, protest geçirýärler, Abbottabat, 2011-nji ýylyň 6-nji maýy.
Pakistan harbylary penşenbe güni giçilik Birleşen Ştatlaryň ýaşyryn hüjümi barada öz ilkinji resmi jogaplaryny neşir etdiler. Bu beýannamanyň çykarylmagyna sebäp bolan zat ýurduň ýokary derejeli 12 generalynyň goşun serkerdesi Aşfak Kaýany bilen duşuşyp, ondan Pakistandaky amerikan esgerleriniň sanynyň azaldylyp, onuň zerur bolup biljek iň pes derejä getirilmegini talap edenligi.

Beýannamada şeýle hem Pakistanyň territoriýasynda bular ýaly birtaraplaýyn hüjüm bolan ýagdaýynda Yslamabadyň Birleşen Ştatlar bilen terrorizme garşy hyzmatdaşlygy duruzjakdygy aýdylýar. Kaýany Birleşen Ştatlaryň Pakistanyň goranyş güýçlerine bildirmän, ýurduň içine beýle çuň aralaşyp bilendigi barada barlag geçiriljekdigini bildirdi.

Yslamabat Osama bin Laden Pakistanda gizlenýär diýilýäni ozal ençeme ýyllap gaharly inkär edip gezipdi.

Beýannamada Bin Ladeniň Pakistandadygy barada toplanan gizlin maglumatlarda kemçilikleriň goýberilendigi boýun alynýar. Beýannamada şeýle hem "Al-Kaýdanyň" ýüze golaý terroristiniň Pakistanyň aňtaw gullugy "Inter-Services" tarapyndan öldürilendigi aýdylýar. Munuň hem käbirinde MAG-niň hyzmatdaşlygy bolupdyr, käbirinde-de bolmandyr.

Bin Ladeniň aýallary sorag edilýär

Pakistanyň aňtaw gullugynyň bir işgäriniň anna güni aýtmagyna görä, Osama bin Ladeniň üç aýalynyň biri özüniň 6 aýlap, bu jaýyň ýokarky gatyndan aşak düşmän ýaşandygyny aýdypdyr.

Osama bin Ladeniň aýallary häzir Pakistanda soraga çekilýär. Onuň şunça wagtlap ele düşmän, wagtyny nähili geçirendigini bu aýallaryň berjek maglumatlary görkezer diýip, pikir edilýär.

Amerikan resmileri Osama bin Laden bilen birlikde dört adamyň öldürilendigini aýdýarlar. Bularyň biri Bin Ladeniň ogly, ýene biri hem onuň Abu Ahmed Al-Kuwaiti diýip tanalýan ynamdar çapary.

Resmileriň "The New York Times" gazetine aýtmagyna görä, Bin Ladeniň bolýan jaýynda ele salnan kompýuterden tapylan dokumentleriň görkezişi ýaly ol "Al-Kaýdanyň" alyp baran hüjümlerine ençeme ýyllap Pakistandan ýolbaşçylyk edipdir.

"Al-Kaýdanyň" baştutanynyň öz buky ýerini Pakistanyň harby ýokary okuw jaýynyň golaýynda bir berkitme ýaly edip gurup bilenligi Yslamabady kyn ýagdaýa saldy. Ýurduň "Dawn" gazeti bu kemsinmäni Pakistanyň ýokary derejeli ýadro alymy Abdul Kadyr Hanyň 2004-nji ýylda ýurduň ýadro syrlaryny satanlygyny boýun almagy bilen deňedi.

Bin Ladeniň gizlenen ýeriniň iň soňunda Pakistanda bolup çykmagy köp amerikanlary gahar-gazaba mündürip, olaryň Pakistanyň resmilerini Bin Ladene gizlin gaçybatalga bermekde we Yslamabady terrora garşy uruşda hyzmatdaşlyk meselesinde ýalançylykda aýyplamaga sebäp boldy.

Pakistanyň daşary işler ministri Salman Başir penşenbe güni metbugat ýygnagynda muny resmi taýdan inkär etdi: "Aňtaw boýunça "Inter-servises" gullugynyň hökümetiň içindäki elementler "Al-Kaýda" bilen bile işleşipdir diýmegi aňsat zat. Ýöne bu bir nädogry pikir. Bu bir ýalňyş aýyplama. Bu ygtybarly aýyplama däl".

Birleşen Ştatlaryň iki sany kanun çykaryjysy Waşingtony Pakistana berilýän kömekleri kesip, Amerikanyň Yslamabat bilen bar bolan strategik hyzmatdaşlygyny duruzmaga çagyrýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG