Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Daşkent we Aşgabat ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekişdi


Penşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistana saparynyň ilkinji güni ýurduň prezidenti Yslam Karimow bilen gepleşik geçirdi.

Gepleşikde taraplar iki goňşy ýurduň özara hyzmatdaşlyklaryny ösdürmekligiň dürli ugurlary barada pikir alyşdylar.

Soňra Türkmenistan bilen Özbegistanyň hyzmatdaşlyklaryna degişli käbir ylalaşyklara gol çekişlik dabarasy boldy.

Gol çekilen ylalaşyklaryň hatarynda iki ýurduň söwda wekilhanalaryny döretmek hem-de ylym we tehnologiýa boýunça käbir täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmak baradaky hökümetara ylalaşyklary hem bar.

Şu gün Türkmenistanyň prezidenti Özbegistanyň gadymy taryhy şäherleriniň biri bolan Buhara şäherine-de sapar edýär.
XS
SM
MD
LG