Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa 14 sany diplomaty ýurtdan çykarýar


Şu gün Fransiýanyň hökümeti Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafiniň režimine ygrarly 14 sany diplomaty ýurtdan çykarmak barada karar çykardy.

Bu barada Fransiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan beýanatynda mundan beýläk Fransiýanyň bu diplomatlaryň diplomatik statuslaryny resmi ýagdaýda ykrar etmeýändigi aýdylýar.

Bir aýa golaý mundan ozal Fransiýa Liwiýanyň Pariždäki ilçihanasyny hem resmi ýagdaýda ýapypdy.
XS
SM
MD
LG