Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI aktiwisti goýbermäge Azerbaýjana çagyryş edýär


Şu gün ynsan hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasy şu hepde azerbaýjanly oppozisiýa aktiwisti Jabbar Sawalanyň neşe maddalaryna eýelik edenlikde aýyplanylyp türme tussaglygyna höküm edilmegini «galplaşdyrylan iş» diýip atlandyryp, ony ýazgaryjy beýanat ýaýratdy.

Beýanatda “Amnesty International” guramasy Azerbaýjanyň häkimiýetlerini 2,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Jabbar Sawalany haýdan-haý azatlyga goýbermeklige çagyrypdyr.

Ýakynda Azerbaýjanyň «Meşhur front partiýasy» atly ýaşlar guramasynyň 20 ýaşly aktiwisti Jabbar Sawalan «Facebook» internet saýtynda Azerbaýjanda arap ýurtlaryndaka meňzeş halk gozgalaňlarynyň bolmagyna çagyryş edip, maglumat ýaýradypdy. Şondan kän wagt geçmänem, ýurduň häkimiýetleri ony neşe maddalaryna eýelik edýänlikde aýyplap, tussag edipdiler.
XS
SM
MD
LG