Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Himki tokaýlygynda aktiwistlere hüjüm edildi


Orsýetli tebigaty goraýjy aktiwistler öten agşam Moskwanyň etegindäki Himki tokaýlygynda özleriniň palatkalaryna näbelli adamlar tarapyndan edilen hüjümde üç aktiwistiň ýaralanandygyny habar berdiler.

Himki tokaýlygyny goramak boýunça döredilen garaşsyz toparyň başlygy Ýewgeniýa Çirikowa hüjüm eden adamlaryň ýüzleri maskaly adamlardygyny aýtdy we bu hüjümi şu tokaýlygyň üstünden ýol gurmak üçin kontrakt alan kompaniýa tarapyndan ýörite gurnalan diýip hasaplaýandyklaryny mälim etdi.

Ýerli tebigaty goraýjylar indi birnäçe ýyl bäri bu tokaýlygyň üstünden transport ýoluny geçirmek barada häkimiýetleriň göz öňünde tutýan planlaryna garşy aktiw çykyş edip gelýärler.
XS
SM
MD
LG