Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde 31 ýaşly milletçi žurnalisti we ýuristi öldürenlikde günäli tapyldy


Şu gün Moskwanyň şäher sudy orsýetli aşa milletçi 31 ýaşly Nikita Tihonowy ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi.

Moskwanyň sudy ony 2009-njy ýylda ynsan hukuklaryny goraýjy ýurist Stanislaw Markelow bilen žurnalist Anastasiýa Baburowany öldürenlikde günäli tapdy.

Sud Nikita Tihonowyň nikadan daşarky aýaly, 26 ýaşly Ýewgeniýa Hasisi hem bu ganly hüjüme ýardam edenlikde günäli tapyp, ony 18 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.
XS
SM
MD
LG