Sepleriň elýeterliligi

Geçen asyryn segseninji ýyllarynda Türkmenistanyň Ýazyjylar soýuzy Ikinji jahan urşunda wepat bolan türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň baş goýan ýerlerini gözlemek hem görüp gaýtmak üçin, şahyr Anna Kowus ikimizi komandirowka ýollady.

Moskwadan ugrap, ilkinji maňlaý dirän şäherimiz Smolensk boldy.

Myhmanhana ýerleşenimizden, Anna däde telefony öňüne çekdi. Ýarym sagat geçse geçendir, eýýäm oblast gazetiniň baş redaktory gapymyzy kakyp, işikde duran «Wolgany» ygtyýarymyza hödürläp dur!

Bu ýagdaýa geň galyp ýetişmänkäm, gürrüňden gürrüň çykyp, bir türkmen gyzynyň Leningrad uniwersitetiniň žurnalistika fakultetini tamamlap, şol oblast gazetinde, şu redaktoryň elinde praktika geçendigine, onuňam meniň gelnim Maral bolup çykandygyna has beter haýran galmaly boldum.

Ertesi irden Anna Kowus bilen ak «Wolga» atlanyp, aldym-berdimli söweşleriň geçen ýerlerinde galan doganlyk mazarlaryn gözlegine çykdyk.

Ençeme obany söküp, gün öýleden agyberende, alyp barýan gujak-gujak gül desselerimiz soluberende, bir doganlyk mazaryň başujundaky hatar-hatar ýazgylaryň arasynda, mähriban ildeşimiziň adyny görüp, gözümize ýaş aýlananyny duýman galdyk: Şaly Kekilow!

Şaly Kekilow 1906-njy ýylda Aşagabadyň etegindäki Köşi obasynda dünýä indi. Aşgabadyň pedtehnikumyny gutaryp, 1931-nji ýyla çenli magaryf pudagynda işledi. Az wagt radiokomitetde işlänsoň, Türkmenistan ýazyjylar birleşiginiň jogapkşär sekretary boldy, 1936-njy ýylda tä fronta gidýänçä, metbugatda işledi. Uruş başlanýança, onuň iki sany goşgular ýygyndysy çykypdy. Ol frontdan hem birnäçe poetiki eserleri öz Watanyna ýollapdyr. Olardan aýratyn-da “Dýadýa Iwan” hem “Kareliýa jeňňelinde” poemalary tapawutlanýar. Şahyryň “Kareliýa jeňňelinde” eserine ebediýaty öwrenjiler ýokary baha beripdi. Ol 1943-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Smolensk oblastynyň Monastyrşina raýonynda, söweş meýdanynda aradan çykýar.

Mundan Ukrainanyň paýtagtyna ugradyk.

Kiýew, elbetde, Smolensk däl. Hanjak ýöreseň – öz aladaň, öz çykdajyň.

Biz indi şahyr hem ýazyjy Ata Nyýazowy gözlemeli.

Eşekdir motordan başga gabat gelen ulaga münüp, iki günläp aýagymyzyň hem pulumyzyň ýeten ýerindäki doganlyk mazarlara aýlanyp çykdyk.

Azabymyz ýerine düşmedi. Gozleýän adymyza duşmadyk. Munuň üçin biz Kriwoý Rog şäherine gitmelidik. Ýöne ol ýere ýetmäge ýagdaý bolmady.

Ata Nyýazow 1906-njy ýylda Aşgabat raýonynyň Büzmeýin obasynda dünýä inipdi. Birnäçe ýyllap türkmen metbugatynda, soňra neşirýatda işledi. Edebiýat meýdanyna şahyr hökmünde geldi. Rus klassyklarynyň hem SSSR halklarynyň edebiýatyndan nusgalary türkmen diline terjime etdi. Ol 1943-nji ýylyň 21-nji noýabrynda, Ukrainanyň Kriwoý Rog şäherinde söweş meýdanynda wepat boldy.


Bir görsek, menin harajadym tarpa-taýyn gutaraýypdyr! Gyssagly Aşgabada, öz iş ýerime jaň edip, telegraf arkaly pul ibermegini haýyş etdim. Ol: “Sen poçta ýetinçäň puluňam barar” diýdi.

Myhmanhanadan paýtagtyň merkezi poçtasyna eňdik iki bolup. «Eňdik» diýýänimiň sebäbi – depäňden guýup duran ýagşyň derdinden, ýuwaş ýörär ýaly däldi.

Nobata durup, ahyry ýetdik arzyly äpişgejigiň öňüne. Ýok, pul gelmändir. Bir salym garaşaly diýip, girelgäniň depesinde papagyň gaşy ýaly öňe çykyp duran betondan guýlan saýawanyň aşagynda durduk. Mahal-mahal birimiz içerik girip soraýas, şol bir jogap: «Entek gelen zat ýok». Garaz, ol pul ertesi günem gelmedi.

Gatnawyň üçünji güni başlandy. Sakalyny syryp, aýnaň öňünde ýarym sagat pyrlanan Anna däde bezemen geýnip, şähere hyýallanyp ugrady.

-- Ýaşuly, senden uly haýyş -- diýip, näumyt ses bilen oňa ýüzlendim. – Meniň indi şo poçtada görünmäge ýüzüm çydanok. Barýakaňmy, gelýekäňmi, bir sorap gör, pul gelen bolsa jaň et.

Ýarym sagatdan Anna Kowusyň şadyýan sesi gulagymy şaňladyp gitdi:

-- Şir, buşluk! Ýet, başga biri alaýmanka!..

Uzak gije ýol ýöräp, Moldawiýanyň paýtagtyna ýetdik. Myhmanhanada ýerleşip, telewizory açanymyzam şoldy, depe saçymyz üýşüp, gözümiz garaňkyrap gitdi.

Birnäçe günläp guýup duran ýagynyň derdinden, Kiýewiň merkezi poçtasynyň maňlaýyndaky ençeme tonnalyk şol beton saýawan tutuşlygyna aşak gaýdypdyr. Soýuzyň dürli künjeginden gelip, kim pula, kim hat-habara garaşyp duran on üç adam bir demde heläk bolupdyr.

Ol aýylganç heläkçilik bize şeýle agyr täsir etdi, hatda özümiziň iki günläp ajalyň nyşanasy bolup durşumyza, şo beladan aman-esen sypanymyza begenibem bilmedik.

Kişinýowdan raýon merkezlerine, raýonlardanam obalara gatnaýan ululy-kiçili awtobuslar bilen aýlanyp, bitiren goşumyz bolmady.

Ýöne Anna Kowus gapdalyňda bolsa, has dogrusy alynmajak gala ýokdugyna ýene bir sapar göz ýetirdim.

Haçan jaňlaşypdyr, kim bilen gürleşipdir, men bihabar, emma ir sagat sekizde gapymyz kakyldy.

-- Elinje ulag geldi öýdýän, Şir. Galam-kagyzyňy al-da, aşak düşüber -- diýip, Anna däde ala-mula saýawanyny alyp, howul-hara çykyp gitdi.

Daş çyksam, myhmanhananyň agzynda ak «Wolga» keserip dur! Öňündäki aýnasyna-da «Moldawiýa SSR-niň Ýazyjylar soýuzy» diýlen ýazgy ýelmenen.

Bir sagada ýeter-ýetmezde aýdylan adrese elten maşyn obanyň çetindäki tokaýyň gyrasynda güle bürenip ýatan doganlyk mazaryň gapdalynda saklandy.

Mazaryň töweregini gurşap duran märeke, boýunlary gyzyl galstukly pionerler, golaý-goltumdaky raýonlardan gelen žurnalistler, orkestr, milli geýimde öňümizden duz-çörekli çykan biri-birinden owadan gyzlar...

Kim gül dessesini uzadýa, kim Anna Kowusyň boýnuna pioner galstugyny dakýa, kim ondan interwýu alyp ýör. Halypa-da goltuk jübüsinden rus dilinde çap edilen kitapçasyny çykaryp, dabara bilen goşgy okaýa...

Maňa dagy bamysyň diýýänem ýok.

Bu garma-gürmelikden ýuwaşlyk bilen saýlanyp, doganlak mazaryň öňünde dikilen mermer daşyň ýüzündäki ýazgylary okap başladym.

Birdenem tok uran ýaly bolup, tisginip-titräp gitdim. Gözlerime ynanman, siňe-siňe seredip, gaýta-gaýta okap, birdenem gygyryp goýberdim:

-- Anna däde -- Nurmyrat Saryhanow!!!

Nurmyrat Saryhanow 1906-njy ýylda, häzirki Gökdepe etrabynyň 2-nji Gökdepe obasynda dünýä indi. Aşgabatdaky politehnikumda okady. Dürli metbugat organlarynda işledi. Ençeme hekaýalary ýazdy. Aýratyn-da, urşa gitmänkä tamamlan “Kitap” hekaýasy hem “Şükür bagşy” powesti türkmen prozasynyň iň kämil nusgalaryndan birine öwrüldi. Ýazyjynyň eserleri köp dillere terjime edildi. Nurmyrat Saryhanow 1944-nji ýylyň 4-nji maýynda, Moldowanyň Bendery raýonyndaky söweşde wepat bolup, Delakeu obasynda jaýlanypdyr.

Halypa ýylgyryp gepledi.

-- Sen myhmanhanadaky nobatçy gelne bäş sany goşgy okap berýänçäň, men ýigrimi bäş ýere jaň edip ýetişýän. Uruş weteranlary sowetiniň başlygyny, «Gyzyl yzçalyjylar» otrýadynyn ýolbaşçysyny, muzeý direktorlaryny silterläp-silkeläp düşeginden galdyrýan. Ýene soragyň bamy? Biderek sowallaryň deregine, ynha, adamlara goşgy okap ber.

Biziň zyýaratymyz şonuň bilen tamalandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG