Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýeňşe elten ýol hakda kino


Gyzyl goşunyň esgerleri Berlindäki Rihştag binasynyň üstünde Sowet baýdagyny dikýärler, 1945-nji ýylyň 30-njy apreli.
Gyzyl goşunyň esgerleri Berlindäki Rihştag binasynyň üstünde Sowet baýdagyny dikýärler, 1945-nji ýylyň 30-njy apreli.
Ol ýyldan bäri ýaňyja 66 ýyl geçipdir. «Eýýäm 66 ýyl geçipdir» diýsegem boljak. Ýöne taryhyň gözi bilen syn salsak, 66 ýyl gaty bir köp möhlet däl. Bu müddeti adamyň ömri bilen ölçesek, elbetde, 66 ýyl köp wagt. Bir adam ömrüne barabar ýyllar…

66 ýyly tehniki progresiň ösüşi bilen ölçesek, «Şujagaz geçen 66 ýylyň içinde adamzat tehnologiýada nähili ösüşler gazandy!» diýip bolar. Gün-günden ösýän tehnologiýany görüp, günsaýyn oýlanyp tapylýan tehnika bilen iş salşyp, adamlaryň aňy hem tehnika bilen bile ösüp barýar.

Häzirki döwürdäki, dil çykaryp, gepläp bilýän, üç-dört ýaşlaryndaky çagalary gorkuzmak üçin telewizordaky gorkuly kartinalara ümläp, dinozawrlary, aždarhalary, döwleri, gorkunç sypatly adamlary görkezip: «Akylly bolmasaň, hana, hol zat gelip, häzir seni iýer» diýýäň welin, çaga ýüzüňe ýylgyryp bakyp: «Ol telewizordan çykyp bilmeýär» diýip, jogap berýär.

Adamzadyň aň-düşünjesi tehniki progresiň ösmegi bilen belent derejä ýetdi!

Biz öz ata-babalarymyzyň aň ýetiriş derejesini häzirki döwrüň nesilleri bilen deňeşdiren halatymyz, olaryň örän sada adamlar bolandygyna göz ýetirýäris.

Sowet proletariatynyň serdary hasap edilen Wladimir Iliç Lenin propagandistik serişdeleriň içinde iň amatlysynyň kinodygyny belläp gidipdir. Şeýle bolansoň, Leniniň görkezmelerinden ugur alyp ýaşan sowet hökümeti kino sungatyny ösdürmäge, her bir ýüze çykýan wakany halka kinonyň üsti bilen ýetirmäge uly üns berdi. «Ýurtdaky her bir wakany halka çeper hem dokumental kinonyň üsti bilen hökman ýetirmeli!» Sowet hökümetiniň medeni ugurdaky bu görkezmesi buýruk hökmünde ýöreýärdi.

1945-nji ýylyň 9-njy maý güni — ýagny, Reýhstagyň üstüne Faşistik Germaniýadan üstün çykylanlygyny alamatlandyrýan baýdagyň dikilen güni Sowet Soýuzynyň ähli oba-şäherlerinde halka Beýik Ýeňşe ýetmek üçin geçilen ýol baradaky dokumental kinonyň görkezilmegi hakda tabşyryk bolýar. Ikinji jahan urşunyň frontlaryndan düşürilen dokumental kadrlary her etrabyň, şäherleriň kinoçylary halka görkezip başlaýarlar.

Obalardaky ähli erkek kişiler urşa sürlensoň, tylda erkekleriň ýerini tutup, işleýänlerem aýallar bilen ýetginjek çagalardy, Ýeňşe begenip, kino görmeliler hem.

Türkmen obalarynyň birinde şeýle waka bolup geçýär:

Ol döwürde heniz kino üçin klublar bolmansoň, kinony görmek üçin kolhozçylara agşam, garaňky düşensoň, meýdan düşelgä gelmek tabşyrylýar. Hökümet ýolbaşçylarynyň bir diýenini iki gaýtalatman, tyldaky işleri ýöredip ýören naçarlaryň garrysy-ýaşy, çagalar hem ulugyzlar garaňky gatlyşansoň, bir adam ýaly bolup, meýdan düşelgä gelýärler. Kolhozyň başlygy gündiz eşidilen-de bolsa, halka faşistik Germaniýanyň dyza çökerilenligi hakdaky habary ýene bir sapar ýetirýär hem-de ýygnananlary Beýik Ýeňiş bilen gutlaýar. Soňra urşa giden ogullaryň Ýeňşe ýetilýänçä nähili jebir-jepalary başdan geçirendiklerini gözleri bilen görer ýaly, halka kino görkeziljekdigini aýdýar.

Diwara ini-boýy üç metr bolan ak matany ýelmäp, töwerekdäki yşyklary öçürip, kino görkezmäge başlaýarlar.

Ilki patyşa Russiýasynyň öz ýurtlaryny basyp almagy sebäpli jebir çeken halk, soňra bolşewikleriň rewolýusiýasy üçin ýurdy tozdurylan halk, ondan soň Staliniň 1937-38-nji ýyllardaky bas-ha-baslyklary sebäpli ýaşan-ýaşamany deň bolan halk, onuň yz ýany hem Ikinji jahan urşunyň gaýgy-hasratlary, jebir-jepalary bilen ýer bilen ýegsan bolup, bili maýrylyp, başy aşak eglen halk kinony nirede görüpdir-zady nirede görüpdir! Obalylaryň arasyna gelen ilkinji kartina! Ol hem aýylganç uruş hakda!

Güwläp ýarylan ilkinji bombany, hatar-hatar bolup gelýän tanklary görenden, kino görmäge gelen naçarlar wäleşip, ýerlerinden turupdyrlar-da, aldygyna gaçyp başlapdyrlar. Gaçyp baryşlaryna-da: «Waý, gelýä-de-waý gelýä!» bolşup, sesleriniň ýetdiklerinden gygyryşýarmyşlar. Kolhoz başlygydyr brigadir, zweno ýolbaşçysy olary yzyna gaýtarmak üçin ylgapdyrlar. «Gaýdyň, yzyňyza! Ol kino! Ol surat!» diýşip, başlykdyr brigadir hem sesleriniň ýetdiklerinden gygyryşýarmyşlar. Ellerine ilen aýallaryň gyňaçlaryndan, eginlerinden tutup, yzlaryna gaýtarmaga çalyşýarmyşlar. Aýallar wägirip gaçansoň, çagalaryň sesinden hem durar ýaly bolmandyr. Ahyrsoňy başlyk bilen brigadir: «Yzlaryna dolanmadyklar kolhozdan gitmeli!» diýip, gygyryp başlapdyr. Şu sözi eşidensoň, naçarlar aglaşyp, bialaç aýak çekipdirler. Ol wagt kolhozdan kim gidip biljek! Kolhozdan başga ýerde olar üçin çörek barmy! Kolhozdan başga ýerde olar üçin tünek barmy! Ýaşaýyş barmy!

Başlyk kino görkezmegi bir salym togtatmagy kinoçydan haýyş edipdir.

Naçarlar uly eňşeşik bolup, hiç bir oturgyçsyz, hiç bir düşeksiz halda oturan ýerlerinde çöküpdirler. Hemmeler üýşensoň, başlyk elini ak matanyň ýüzünde gezdirip, matanyň ýüzüne diňe suratyň sudurynyň düşýändigini, suratdaky zadyň ýere düşüp bilmeýändigi hakda düşündiriş geçipdir. «Şu kinony bize Beýik serdarymyz Stalin hökman görmegi tabşyrdy. Eger kim-de-kim ýene kino görmekden ýüz öwrüp, kino gutarmanka gaçyp gitse, onda ol kişi beýik serdarymyz Staline, sowet hökümetine garşy hasap ediljekdir!» diýip, ahyry başlyk şol döwürde iň gorkulýan kişiniň ady bilen gepläpdir.

Oba naçarlary heýem Staline, sowet hökümetine garşy bolup bilermidi! Üstesine-de, «Sowet hökümetine garşy» diýlip, obanyň «men» diýen ogullarynyň atuwa äkidilenini gören naçarlar!

Şondan soň tä kino tamamlanýança hiç kim gaçyp gitmek üçin ýerinden turmandyr. Ýöne köpler ölüm-ýitimli, bombaly-tankly kartinalary synlamaga ýürek etmän, kartina tamamlanýança, gözlerini tutup oturypdyrlar, görmäge ýürek edenler bolsa, «Waý, şol ölüp ýatan pylany jana meňzeýä!» diýip, öýünden urşa gidenleriň adyny tutup, aglaşmak aglaşypdyrlar. Agy seslerinden üýn alşar ýaly bolmandyr.Kartina tamamlanýança olar gitmese kaýyl bolan başlyk hem olara «aglamaň» diýmändir. Agy-pyganyň astynda ahyrsoňy kino tamamlanypdyr.

Aýallar kino görkezişi tamamlanandan soň hem öýlerine aglaşyp-aglaşyp gidipdirler.

Görkezmeli kinony halka her edip-hesip edip görkezip bilenlerine başlykdyr brigadir uludan dem alyp, başlaryny ýaýkapdyrlar. «Halka görkezmeli kinony görkezmediler» diýilse, şol döwürde olaryňky hem aňsat däl.

Serdar Gulgeldiýew Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG