Sepleriň elýeterliligi

Orsýetli hukuk gözegçileri Belarusdan çykaryldy


Belarusyň oppozisiýa aktiwistleriniň sud prosesine gatnaşýan ynsan hukuklaryny goraýjy orsýetli gözegçilerden üçüsi şenbe güni Belarusdan çykaryldy.

Belarusdaky ynsan hukuklaryna gözegçilik ediji ýörite Komitet bu toparyň orsýetli wekilleri bolan Lýubow Zaharowanyň, Ýekaterina Korostelewanyň we Irina Paýkaçewanyň anna güni agşam organ işgärleri tarapyndan tussag astyna alnyp, olara 24 sagadyň dowamynda ýurdy terk etmeklige görkezme berlendigini habar berdi.

Orsýetli bu üç aktiwist Belarusda geçen ýylyň dekabrynda gurnalan demonstrasiýada tussag edilen belarusly aktiwistlerden 16-synyň sud işine syn etmek üçin Minske barypdylar.
XS
SM
MD
LG