Sepleriň elýeterliligi

Muşarraf ABŞ-nyň Osama reýdini tankyt etdi


Şenbe güni Pakistanyň ozalky prezidenti Perwez Muşarraf Osama bin Ladeni öldürmek maksady bilen Birleşen Ştatlaryň Pakistanda geçiren harby operasiýasyny ýurduň özbaşdaklygyna wehim salyjy bir waka hökmünde häsiýetlendirip, muny tankyt etdi.

Dubaýda, pakistanlylaryň diasporasynyň wekilleri bilen duşuşykda eden bu çykyşynda Perwez Muşarraf Bin Ladeniň ölümine parahatçylyk söýüji adamlaryň begenmelidiklerini, emma, beýleki tarapdan, Pakistanyň özbaşdaklyk durumyna zeper ýetirýän islendik bir waka ýurduň hiç bir raýatynyň biparh garap bilmejekdigini aýtdy.

Amerikan güýçleri 2-nji maýda Osama bin Ladeni öldürmek üçin geçiren öz harby operasiýalaryny Pakistanyň häkimiýetlerine öňünden duýdurmazdan geçiripdiler. Bu bolsa Pakistanda nägilelik we gahar-gazap döretdi.
XS
SM
MD
LG