Sepleriň elýeterliligi

Gresiýa «Der Şpigel» žurnalynyň maglumatlaryny «prowokasiýa» diýip atlandyrdy


Şenbe güni Gresiýanyň premýer-ministri Jorj Papandreou öz ýurdunyň ýewro pul birligini ulanýan ýurtlaryň hataryndan çykjakdygy barada peýda bolan maglumatlary «prowokasion» we «dowul dörediji» maglumat diýip atlandyrdy.

Bu wakanyň öňýany, anna güni Germaniýanyň «Der Şpigel» žurnaly Gresiýanyň öz içerki býujet defisiti bilen bagly problemalaryň amatly şertlerde çözülmegi üçin Ýewropa Bileleşiginiň öňünde käbir täze talaplary goýýandygyny ýazdy.

Žurnalyň bu maglumatynda Gresiýanyň öz talaplarynyň ýerine ýetirilmedik halatynda, ýewro pul birligini ulanýan ýurtlaryň hataryndan çykjakdygy bilen haýbat atýandygy hem aýdylýar.

«Der Şpigel» žurnaly bu maglumatlaryň Germaniýanyň hökümetine degişli «ynamdar çeşmelerden» alnandygyny aýdýar.

Emma Gresiýanyň Maliýe ministrligi we Ýewropa Bileleşiginiň resmi çeşmeleri bu maglumaty esassyz diýip atlandyrdylar.
XS
SM
MD
LG