Sepleriň elýeterliligi

Italýan adasyna ýene ýüzlerçe liwiýaly bosgun geldi


Şenbe güni Italiýanyň habar serişdeleri anna güni agşam ýurduň günortasyndaky Lampedusa adasyna Liwiýadan ýene-de bosgunlaryň uly toparynyň gelip düşendigini habar berdiler.

Bu maglumata görä, iki sany gämide jemi 842 bosgun Italiýanyň bu adasyna gelip düşüpdir. Liwiýadan gelen bosgunlaryň bu nobatdaky toparynyň hem adadaky wagtlaýyn palatkalarda ýerleşdirilendigi habar berilýär.

Bu wakanyň edil öňýany, anna güni Italiýanyň häkimiýetleri müňden gowrak bosguny bu adadan ýurduň başga regionlaryna alyp gidipdiler.
XS
SM
MD
LG