Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Braziliýada neşe söwdasyny edýän jenaýatçy topar ele salyndy


Şenbe güni Braziliýanyň polisiýasy aglabasy Serbiýanyň raýatlaryndan ybarat bolan bir jenaýatçy toparyň tussag edilendigini habar berdi.

Polisiýanyň maglumatyna görä, tussag edilen bu 16 adam bikanun ýollar bilen Ýewropa kontinentine neşe maddalaryny daşamakda aýyplanylýar.

Tussag edilenlerden 8-siniň Serbiýanyň raýatlarydygy aýdylýar.

Anna güni Serbiýanyň adalat ministri Snežana Malowiç bu tussag edilenleriň arasynda neşe jenaýatçylyklarynda gözlenilýän Goran Nesiçiň hem bardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG