Sepleriň elýeterliligi

Indoneziýanyň bir ýolagçy uçary deňze gaçdy


Şenbe güni Gündogar Papua adasynyň golaýynda Indoneziýanyň bir ýolagçy uçarynyň deňze gaçmagy netijesinde 27 adam öldi.

Indoneziýanyň Transport ministrliginiň metbugat sekretary bu heläkçiligiň ýüz beren wagty uly bolmadyk bu ýolagçy uçarynyň içinde 21 sany ýolagçy bilen 6 pilotyň bolandygyny aýtdy.

Köp adalardan durýan Indoneziýa arhipelagynyň ýaşaýjylary ýurduň çäklerindäki gatnawlarda köplenç uçarlardan peýdalanmaly bolýarlar.
XS
SM
MD
LG