Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde 190 adama harby tribunalda sud ediler


Kairde musulmanlar bilen hristianlaryň arasyndaky çaknyşyga gatnaşyjylardan 190 adama harby tribunalda sud ediler. Bu barasynda Müsüriň Ýokary harby geňeşi ýekşenbe güni habar berdi.

Şenbe güni bolan şol çaknyşykda, soňky maglumatlara görä, 9 adam ölüp, 100 gowragy ýaradar bolupdyr.

Bu çaknyşyk Müsürde şu ýylyň fewral aýynda prezident Hosni Mubarek agdarylandan soň bolan in uly graždan çaknyşygydyr.

Wagtlaýyn hökümetiň başlygy Şaraf Essam Pars aýlagy ýurtlaryna saparyny ýatyrmaga we Ministrler kabinetiniň gyssagly maslahatyny çagyrmaga mejbur boldy.
XS
SM
MD
LG