Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bin Laden Pakistandan terroristik setiň işine kontrollyk edipdir


Osama bin Laden Pakistandaky gaçybatalgasyndan terroristik setiň işine kontrollyk edipdir diýip, amerikan ýörite gulluklarynyň wekili aýtdy.

Amerikan ýörite gulluklary tarapyndan ele salnan Bin Ladeniň arhiwi onuň Abbottabatdaky öýüniň komanda berilýän merkez bolandygyna, şol ýerden «Al-Kaýda» toparyna strategik we operatiw kontrollyk edilendigine şaýatlyk edýär.

Şol bir wagtda-da Abbottabadyň ýaşaýjylarynyň käbiri üçin Bin Laden bilen goňşy ýaşandyklaryna ynanmak kyn.

Ýerli ýaşaýjylaryň biri Muhammet Ýunus şeýle diýdi: «Bu waka hemmetaraplaýyn derňelmeli. Bin Lideniň garşysyna ABŞ-nyň geçiren operasiýasynyň jikme-jigi aýan edilmeli. Onuň öldürilmeginiň wideoýazgysy görkezilmeli. Bu zatlaryň ählisi «Al-Kaýdanyň» lideriniň Abbottabatda öldürilendigine adamlaryň ynanmagy üçin gerek».

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Bin Ladeniň arhiwinden bäş wideo ýazgyny görkezdi. Şol ýazgylaryň arasynda terroristleriň lideriniň öz tarapdarlaryna ýüzlenmesi hem bar.

Bin Ladeniň öýünden tapylan materiallaryň aýratyn gymmatly informasiýa çeşmesidigini ýörite gulluklaryň wekilleri aýdýarlar.

«Al-Kaýdanyň» lideri amerikan ýörite gulluklarynyň Pakistanda geçiren ýörite operasiýasynda 1-nji maýda öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG