Sepleriň elýeterliligi

Bagdat türmesinde azyndan 18 adam öldi


Bagdat türmesinde şenbe güni agşam tussaglar bilen sakçylaryň arasynda bolan çyknyşykda bärsinden 18 adam ölüp, olaryň 7-si polisiýa işgäri, 11-si tussaglardyr.

Ölenlerin arasynda «Bagdadyň emiri» lakamly «Al-Kaýdanyň» liderleriniň biriniň bardygy habar berilýär. Şonda bärsinden 50 adam heläk bolupdy.

Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky türmeler toplumynda birnäçe tussag sakçylaryň ýaraglaryny elinden alyp, olara garşy ot açansoň, bidüzgünçilikleriň başlanandygy habar berilýär.

Howpsuzlyk güýçleriniň beren maglumatyna görä, türmedäki gozgalaň basylyp ýatyrylypdyr, tussaglardan hiç kime gaçyp çykmak başartmandyr.
XS
SM
MD
LG