Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Deýwid Bekham awtomobil heläkçiligine uçrady


Meşhur britan futbolçysy Deýwid Bekham geçen hepdäniň ahyrynda Los-Anjelesden uzak bolmadyk ýerde awtomobil heläkçiligine duçar boldy.

Ýerli polisiýanyň maglumatyna görä, Bekhamyň sürüp barýan “Cadillac” awtomaşyny ýoluň gyrasynda duran ulaga baryp urupdyr. Şol maşynyň sürüjisi boýny agyrany üçin keselhana ýerleşdirilipdir.

Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, sürüjä uly zeper ýetmändir.

Futbolça hem ýanynda oturan 12 ýaşly ogluna hiç zat bolmady.
XS
SM
MD
LG