Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tunisiň paýtagtynda komendant sagady girizildi


Tunisiň paýtagty Tunisde gijesine komendant sagady girizildi. Häkimiýetler şeýle çäre bilen zorluklaryň we garakçylyklaryň öňüni almaga bil baglaýarlar. Şol hadysalar soňky döwür günsaýyn artýar.

Soňky günler Tunisde protest aksiýalary ýaňadan başlandy. Oňa gatnaşyjylar şu ýylyň ýanwarynda prezident Ben Ali agdarylandan soň häkimiýet başyna gelen wagtlaýyn hökümetiň iş başyndan çekilmegini talap edýärler.
XS
SM
MD
LG