Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň paýtagty Moskwada harby parad geçirildi


Şu gün Orsýetiň paýtagty Moskwada Ikinji Jahan urşunda nasistik Germaniýadan üstün çykylmagynyň ýyl dönüminiň hormatyna harby parad geçirildi.

Beýik Ýeňşiň 66 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bu harby paradda ýurduň onlarça müň harbylary Moskwanyň Gyzyl Meýdançasynda baýramçylyk paradyndan geçdiler.

Ýurduň raýatlary we daşary ýurtly myhmanlar bu paradda Orsýetiň täze harby enjamlaryna we tehnologiýasyna-da syn etdiler.
XS
SM
MD
LG