Sepleriň elýeterliligi

Damaskda protestçilere garşy ok atmalar boldy


Şu gün siriýaly ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler paýtagt Damaskyň günbatar raýonynda protestçilere garşy ok atmalaryň bolandygyny habar berdiler.

Siriýanyň ynsan hukuklary boýunça synçy topary soňky günler ýurduň dürli şäherlerinde howpsuzlyk güýçleriniň öýme-öý reýd geçirip, ýüzlerçe adamy tussag edendiklerini aýdýar.

Siriýanyň ynsan hukuklaryny goraýjy «Sawasiah» atly başga bir topary prezident Başar al-Assadyň režimine garşy halk çykyşlarynyň başlanaly bäri soňky bir ýarym aýdan gowrak wagtyň içinde 800-den gowrak adamyň öldürilendigini tassyklaýar.
XS
SM
MD
LG