Sepleriň elýeterliligi

Stambulda garyp döwletleriň halkara sammiti açyldy


Şu gün Türkiýäniň Stambul şäherinde dünýäniň garyp döwletleriniň 48-siniň liderleriniň gatnaşmagynda halkara sammiti açyldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň gurnamagynda bäş gün dowam etjek bu sammitde dünýäniň garyp döwletlerindäki käbir ykdysady problemalaryň çözgütleri barada pikir alşylar.

Sammitiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun häzirki wagt ykdysady taýdan yzagalak ýurtlarda azyk üpjünçiligi bilen bagly täze problemalaryň howp abandyrýandygyny nygtady.

Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gülüň ýolbaşçylygynda geçirilýän bu sammitiň işine Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barroso hem gatnaşýar.
XS
SM
MD
LG