Sepleriň elýeterliligi

Kandagar şäherinde “Taliban” bilen atyşyk soňlandy


Şu gün Owganystanyň resmileri ýurduň Kandagar şäherinde talyp söweşijileri bilen iki gün dowam eden atyşygyň soňlanandygyny habar berdiler.

Hepdäniň şenbe güni ajalyna kaýyl söweşijileriň bir topary billerine partlaýyjy enjamlary daňyp, şäheriň dürli künjeklerinde hökümet edaralaryna hüjüm edip başlapdylar.

Ýerli resmiler öten agşam şäheriň bir myhmanhanasynda bukulan bu söweşijileriň iň soňky toparynyň hem öldürilendigini mälim etdiler.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Zemeri Başary iki gün dowam eden bu çaknyşyklarda jemi 25 sany söweşiji bilen 2 sany owgan harbysynyň ölendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG