Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýeňiş - halkyň taryhy


Ýazgulyýew: "Beýik Ýeňşe halkymyzyň goşan goşandy, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň gahrymançylygy, tyldaky zähmet edermenligi hakynda anyk taryhy maglumatlar beýan edilmelidir".
Ýazgulyýew: "Beýik Ýeňşe halkymyzyň goşan goşandy, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň gahrymançylygy, tyldaky zähmet edermenligi hakynda anyk taryhy maglumatlar beýan edilmelidir".
Türkmenistanda maý aýynda resmi derejede bellenilýän köpçülik çäreleriniň ýüzüsiniň tas ýarysyna golaýy Ýeňiş gününe bagyşlanandyr. Eger-de ýerlerdäki 9-njy maý gününe bagyşlanyp geçirilen çäreleri goşsak, onda ýurdumyzda bu baýramçylyga bagyşlanyp geçirilen resmi çäreleriň has-da köpdügi öz-özünden düşnüklidir.

Saparmyrat Nyýazow dowründe Beýik Ýeňiş ýurduň ilkinji prezidentiniň kakasy Atamyrat Annanyýazow bilen baglanyşdyrylardy. Atamyrat Annanyýazowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent at hem berlipdi. Häkimiýetiň çalyşmagy bilen Beýik Ýeňşiň gahrymany Atamyrat Annanyýazowdan häzirki döwlet baştutanynyň atasy Berdimuhamet Annaýewe öwrüldi.

Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri edil Saparmyrat Nyýazow döwründäki ýaly, Beýik Ýeňiş bilen baglanyşykly ýurdumyzda geçirilýän çäreleriň diňe syýasy tarapyny propagandirleýärler.

Ýerlerde Ýeňiş bilen baglanyşykly geçirilen çärelere gatnaşan adamlar dabarada Aýdogdy Tahyrow, Saparmyrat Hojaýew, Pena Rejebow ýaly Sowet Soýuzynyň Gahrymany bolan gerçeklerimiziň söweş gahrymançylygy hakynda taryhy gürrüňleriň edilendigini tassykladylar.

«Beik Ýeňşe bagyşlanyp görkezilýän sýužetler, ýazylýan materiallar edil bir almany iki bölen ýaly meňzeş. Türkmen halky Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna çäksiz goşant edipdir. Berdimuhamet Annaýewiň uruşda görkezen gahrymançylygy ähli türkmene — hemmelere nusga. Şeýle ajaýyp mümkinçiligi peşgeş beren, Watan gahrymanlaryny deňsiz-taýsyz hatyralaýan prezidentimiziň — Arkadagymyzyň ömri uzak, işi rowaç bolsun» diýen jümleler türkmen habar beriş serişdesinde yzygider gije-gündiz ýaňlanyp dur. Ýeňşe bagyşlanyp, ýurdumyzda geçirilýän çäreleriň soňy bolsa prezidentiň baş saglygyna berilýän sadakalar bilen tamamlanýar.

Ýöne taryhymyzy dogruçyl öwrenmegiň hatyrasyna SSSR-iň nemes faşistlerinden gazanan Beýik Ýeňşine halkymyzyň goşan goşandy, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň gahrymançylygy, tyldaky zähmet edermenligi hakynda anyk taryhy maglumatlar beýan edilmelidir.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG