Türkmenistanyň Garaşsyzlykdan soň dörän hökümeti täsin hökümet boldy. Birden aýdym-sazyň käbir görnüşlerini ýatyrdylar, birden saz gurallarynyň käbirlerini ýatyrdylar, soň bagşy-sazandalaryň köpüsini gadagan etdiler, soňra ençeme temalardan goşgy ýazmagy gadagan etdiler. Dünýäniň hiç bir ýurdunda bolmaýan täsin gadagan edilmeleriň her hili görnüşi Türkmenistanda ýüze çykyp başlady.
Ýurtda hatda gazetlerde nekrolog — ýagny, adamyň ýogalanlygy üçin gynanç bildirme çap etmegi hem gadagan etdiler.
Nekrologlary çap etmegiň gadagan edilmeginde Onjuk Musaýewiň inisiatiwasynyň bardygy barada aýdylýar. Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň ozalky sekretary ýurduň gazetleriniň baş redaktorlaryna nekrologlary bermekden saklanmak barada teklip edipdir. Musaýewiň bu teklibi baş redaktorlar tarapyndan ikielläp goldalynylypdyr.
Biz islesek-islemesek, nekrologlary gazetlerde çap etsek-etmesek, dünýä berlen adamlar yzyna ýygnalýar.
Nekrolog merhuma goýulýan sarpa
Gazetlerde çap edilýän nekrologlar, elbetde, köp adama ýakymsyz täsir edýän bolmagy mümkin. Ýöne adam tebigatyň goýnunda dogulmak bilen bir hatarda dünýeden gaýtmagyň hem bardygyna düşünip okan halaty nekrologlar ýürege ýakymsyz täsir ýetirmez. Nekrologyň merhuma goýulýan sarpadygyna düşünmeli. «Pylany hakda gazetler hem gynanç beripdir» diýip, adamlar öz merhumlary hakdaky gynanjy gazetden okan halatlary hoşal bolýarlar.
Gazetlerde nekrologlaryň berilmegi merhum hakdaky habary köpe ýetirýär. Tanyş-bilişleriň, dost-ýarlaryň hemmesine merhum hakda aýdyp ýetişip bolanok. Şeýle ýagdaýda gazetler uly kömek bolup durýar.
Gazetlerde nekrologlaryň berilmän başlanmagy adamlary dost-ýarlaryň, tanyş-bilişleriň başyna düşýän şum habardan bihabar goýdy. Indi adamlar kimdir biriniň ýogalany hakdaky habary eşidip, diňe gynanç bilen baş ýaýkaýýarlar. «Be, eşitmändirisem» diýen sözi häli-şindi eşidip bolýar.
Öňler tanymal ýazyjy-şahyr, kompozitor, görnükli işgärler ýogalanda gazet sahypasyny dolduryp, söwer dostlaryň merhum hakdaky ýatlamalary, hoş sözleri-de çap edilerdi. Indi hiç zat ýok. Annaberdi Agabaýew ýaly zehinli şahyryň ýogalany halka habar berilmedi. Ony iň soňky ýoluna ugratmaga baryp, merhuma sarpa goýjaklar onuň ölümi hakda birnäçe wagtdan soň eşidip galdylar. «Be, eşitmändirisem» diýmekden başga çäre galanok.
Serdar Gulgeldiýew Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.