Sepleriň elýeterliligi

Hazar düwlenleriniň ölümi derňelýär


Gazagystanyň Mangystau welaýatynda öli düwlen Hazaryň kenarynda ýatyr, 2011-nji ýylyň 3-nji maýy.

Gazagystanyň Mangystau welaýatynda öli düwlen Hazaryň kenarynda ýatyr, 2011-nji ýylyň 3-nji maýy.

Gazagystanyň Mangystau welaýatynyň ýaşaýjysy Erik Ötebalyýew 3-nji maýda Hazar deňziniň kenarynda 10-dan gowrak týuleniň, ýagny düwleniň maslygyny tapdy.

Ötebalyýew Azatalyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde bu waka barada gürrüň berip, öňler Mangystau welaýatynyň Týub-Karagan raýonynda deňziň kenarynda köp bolanda 2-3 düwleniň maslygyny gören bolsa, 3-nji maýda 10-12 düwleniň maslygyn görendigini, olaryň arasynda ulularynyňam, ýaşajyklarynyňam bardygyny aýtdy.

“Meniň gezelenç eden ýerlerimde, kenaryň bir, bir ýarym kilometr aralygynda 10-12, düwleniň maslygyny görüp, olary surata düşürdim” diýip, Ötebalyýew aýtdy.

Ýerli ýaşaýjy Ötebalyýewiň pikiriçe, düwlenleriň ölümine ýa kesel ýa-da deňizden nebit almak üçin edilýän işleriň netijesinde ekologiýanyň ýaramazlaşmagy sebäp bolup biler.

Mangystau welaýatynda düwlenleriň gyrylýandygyny ekologiýa meseleleri boýunça döredilen, hökümete garaşly bolmadyk “Eko Mangystau” guramasynda hem tassykladylar. Bu guramanyň ýolbaşçysy Kiril Osin özleriniň düwlenleriň maslyklary boýunça ekspertiza geçirip, haýwanlaryň ölümine nämäniň sebäp bolanlygyny anyklamak üçin bu wakanyň ýüze çykan ýerine barandyklaryny gürrüň berdi.

Ekolog: “Biz bir düwleniň maslygyny alyp, Aktau şäheriniň laboratoriýasyna tabşyrarys. Ekspertiza geçirilensoň, bu haýwanlaryň ölümine nämäniň sebäp bolandygyny anyklarys” diýdi.

Ekologiýa boýunça bilermeniň aýtmagyna görä, ýakynda düwlenleriň maslygynyň tapylan ýerinde iki ýyl mundan ozal hem şeýle waka ýüze çykypdyr.

“Elbetde, muňa dürli keseller sebäp bolup biler, emma Hazaryň ýalpaklarynda alnyp barylýan işler ýygjamlaşansoň, soňky on ýyllykda, düwlenleriň gyrylmagy bilen bagly ýagdaýlar has köp ýüze çykyp başlady” diýip, “Eko Mangystau” guramasynyň ýolbaşçysy Osin belleýär.

Ekologyň tassyklamagyna görä, Hazarda ekologiýa zyýanly galyndylaryň suwa goýberilmegine gözegçilik edýän monitoring sistemasynyň ýoklugy uly kynçylyklary döredýär. Sebäbi zyýanly maddalar suwa goşulansoň, suwuň akymy olary ýuwup, bu jenaýatyň yzyny galdyrmaýar diýip, bilermen belleýär.

Näme sebäp bolýar?

2003-nji ýylyň 4-nji noýabrynda hazarýaka döwletler tarapyndan Hazar deňziniň ekologiýasyny goramak boýunça Konwensiýa gol çekildi. Bu dokument 5 döwlet tarapyndan ratifisirlenensoň, 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi. Emma, muňa garamazdan, Hazarda düwlenleriň, balyklaryň gyrylmagy dowam edýär. 2006-njy ýylda diňe Gazagystana degişli kenar ýakada 337 düwleniň maslygynyň tapylandygyny ýerli metbugat habar beripdi.

2007-nji ýylda müňe golaý düwleniň Kalamkas hem Karajanbas ýataklarynyň golaýynda öli tapylandygyny, 2009-njy ýylda Mangystau welaýatynyň Týub-Karagan raýonynda 353 düwleniň maslygynyň hasaba alnandygyny hem metbugat habar beripdi.

“Aktaunews” habar gullugynyň 2010-njy ýylyň mart aýynda ýurduň daşky gurşawy goramak boýunça wise-ministri Eldana Saudwakasowa salgylanyp beren maglumatynda düwlenleriň gyrylmagyna adamlaryň sebäp bolýanlygy aýdylýar.

“Hazarda gaty köp balyk tutulýar. Düwlenler bolsa balyk bilen iýmitlenýärler. Hazaryň Gazagystana degişli territoriýasynda 8 müňe golaý düwlen bar. Emma olaryň sany ýyl-ýyldan azalýar” diýip, Gazagystanyň Daşky gurşawy goramak boýunça wise-ministri Eldana Sadwakasowa tassyklaýar.

Gazagystanyň mikrobiologiýa hem wirusologiýa boýunça institutynyň alymlary hem Mangystau welaýatynda düwlenleriň gyrylmagyna bu regionda balygyň köp tutulmagynyň sebäp bolýandygyny çaklaýarlar.

2000-nji ýylda Mangystau welaýatynda on ýarym müň düwlen gyrlypdy. Bu waka bilen bagly berlen resmi maglumatda haýwanlaryň infeksion keseller zerarly gyrlandygy aýdylýar.

Gazagystanyň resmileriniň beren maglumatynda uzak wagtyň dowamynda düwlenleriň organizminde nebitiň toksinleriniň, oba hojalykda ulanylýan pestisidleriň toplanmagy, olaryň immunitetini pese düşürdi, netijede düwlenleriň organizmi dürli wiruslara garşy göreşip bilmän gyryldylar diýilýär.
XS
SM
MD
LG