Sepleriň elýeterliligi

Hazaryň ekologiýasyny goramak üçin nämeler edilýär?


Hazaryň türkmen ýalpaklarynda, 2010-njy ýyl.

Hazaryň türkmen ýalpaklarynda, 2010-njy ýyl.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda Hazaryň ekologiýasyny goramak boýunça edilýän işler bilen gyzyklanyp, 1990-njy ýyllarda Türkmenistanda ekologiýa meseleleri boýunça hökümete degişli däl guramada işlän, häzir hukuk goraýjy aktiwist, “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi Altyn Amandurdy gyzy geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Farid, soňky döwürde Türkmenistanda ekologiýa barada köp gürrüň edilýär, tebigaty goramak meselesine üns çekilýär. Gazagystanda düwlenleriň gyrylmagy bilen bagly mesele boýunça biz bilen söhbetdeş bolan aktiwistler ekologiýa gözegçilik etmek boýunça sistemanyň ýoklugy, bu ugurdan kynçylyklary döredýän esasy sebäpleriň biri diýýärler. Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynda Ekologik monitoringiň ylmy-önümçilik merkeziniň bardygy aýdylýar. Eýse, ýurtda Hazaryň ekologiýasyna näderejede gözegçilik edilýär?

Farid Tuhbatullin
F. Tuhbatullin:
Meniň bilşime görä, Hazaryň ýagdaýyna ne hökümet tarapyndan, ne-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gözegçilik edilýär. Şonuň üçin Hazaryň Türkmenistana degişli kenaryndaky ýagdaý Gazagystanyňkydan köp tapawutlanmaýar.

Ýöne Türkmenistanyň ýagdaýynda, bu problemalar barada aýdyp biljek, bu kynçylyklara adamlaryň ünsüni çekip biljek adamlar ýa-da guramalar ýok. Bize gowuşýan maglumatlardan çen tutsam, Çeleken adasynyň golaýy gaty hapalanan. Umuman, Hazara Orsýetden, Azerbaýjandan, Türkmenistandan, Gazagystandan hem Eýrandan köp hapa galyndylary suwa geçýär. Hazaryň ýapyk bolmagy bolsa, oňa doly derejede arassalanmaga mümkinçilik bermeýär.

Azatlyk Radiosy: Daşky gurşawy goramak meselesinde monitoringiň ähmiýeti ulumy?


F. Tuhbatullin: Elbetde, monitoring alyp barmak örän möhüm. Ýöne, mysal üçin, gazak kärdeşlerimiziň ekologiýa gözegçilik etmegi kän bir netije bermeýär, sebäbi häkimiýet başyndakylar hereket etmeýärler. Ýagny, ekologlaryň hem hökümet başyndakylaryň arasynda hyzmatdaşlyk bolmasa, bu problemany çözmek gaty kyn bolar.

Azatlyk Radiosy: Gazagystanda ekologiýa meseleleri bilen meşgullanýan onlarça hökümete degişli däl gurama hereket edýär. Şol guramalar ilat bilen ysnyşykly işleşip, tebigata zeper ýetirip biljek ýagdaýlara gözegçilik edýärler. Mysal üçin, häzir düwlenleriň gyrylmagy bilen bagly ýagdaýy ýerli ýaşaýjy görüp, surata düşürip, ekologiýa boýunça guramalara habar berdi. Indi bu mesele boýunça barlaglar geçirilýär. Türkmenistanda bolsa ekologiýa meseleleri boýunça garaşsyz pikir-garaýşyny beýan edip biljek hökümete degişli bolmadyk guramalar ýa az ýa-da düýpden ýok. Bu ýagdaý geljekki nesil barada alada edip, tebigaty gorap saklamak meselesine nähili täsir edýär?

F. Tuhbatullin: Türkmenistan jemgyýetçilik guramalarynyň hem graždan aktiwistleriniň ekologiýa boýunça proýektlere gatnaşmagy baradaky konwensiýa gol çekdi. Emma bu konwensiýa Türkmenistanda berjaý edilmeýär. Şeýle-de ekologiýa boýunça beýleki halkara gurmalaryň rekomendasiýalary Türkmenistanda ýerine ýetirilmeýär.

Her döwletiň ekologik ýagdaýyny gowulandyryp, tebigaty gorap saklamak meselesinde graždan aktiwistleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň roly gaty möhüm. Emma şeýle guramalary işletmek üçin ilki bilen olary yzarlamagy bes etmeli. Olaryň işlemegine ýol bermeli. Diňe şonda ekologlaryň jemgyýetçilik bileleşikleri döredilip, olar daşky gurşawy goramak meselesinde hökümete ýardam berip bilerler.
XS
SM
MD
LG