Sepleriň elýeterliligi

Sarkozi neşä garşy fond döretmäge çagyrýar


Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi neşe gaçakçylygyna garşy BMG-niň gözegçiligindäki ýörite halkara fondunyň döredilmegine çagyryş etdi.

Sarkoziniň aýtmagyna görä, fondy maliýeleşdirmek üçin neşe gaçgaklaryndan ele geçirilen serişdelerden hem peýdalanylyp bilnerdi.

Sarkozi bu barada “G-8” toparynyň ministler derejesinde geçirilýän duşuşygynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi. Bu duşuşykda neşe gaçgakçylygyna garşy göreş barada maslahat edilýär.

Sarkoziniň nygtamagyna görä, Ýewropada kokain ulanýanlaryň sany 5 million töweregi bolupdyr. Bu san 10 ýyl mundan ozalky görkeziji bilen deňeşdirilende iki esse ýokarydyr.

Fransuz ekspertleriniň berýän maglumatyna görä, Latin Amerikada her ýyl öndürilýän 700 tonna kokainiň ýarysyna golaýy Ýewropa üçin niýetlenendir.
XS
SM
MD
LG