Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meksikan mekdebinde alty adamyň kellesi tapyldy


Meksikanyň Durango şäherindäki mekdebiň howlusyndan alty adamyň kellesi tapyldy. Mundan ozal bu şäherde ýurduň polisiýasy 11 adamyň gömülen jesedini hem tapypdy.

Soňky dört ýylyň dowamynda Meksikada guramaçylykly jenaýat bilen bagly ýüze çykan çaknyşyklar sebäpli 40,000 töweregi adamyň öldürilendigi habar berilýär.

Ýekşenbe güni onlarça müň adamyň neşe gaçgakçylygy bilen bagly jebir-sütemiň tamamlanmagyny talap edip, Meksikada geçiren dört günlük dymyşlyk ýörişi tamamlanypdy.
XS
SM
MD
LG