Sepleriň elýeterliligi

Karimow arap wakalarynda “uly güýçleri” aýyplaýar


Duşenbe güni Özbegistanyň döwlet telewideniesinde eden çykyşynda prezident Yslam Karimow arap ýurtlaryndaky halk gozgalaňlaryny «daşarky uly güýçleriň plany boýunça amala aşyrylýan çäreler» diýip atlandyrdy.

Ýeňiş baýramçylygyna gabatlanylyp, Özbegistanda bellenilip geçilýän «Hatyra we hormat güni» atly ýörite güne bagyşlanylan telewizion programmada eden çykyşynda prezident Karimow «tebigy baýlyklara baý arap ýurtlarynda näme üçin şeýle wakalar bolup geçýär?» diýen soragy galdyrdy.

Sonam bu soraga ozi jogap berip: «Biziň halkymyz bu wakalaryn uly güýçleriň planydygyna gowy düşünmelidirler. Men şeýle weýrançylygyň, gapma-garşylyklaryň we uruşlaryň uly baýlyga eýe ýurtlarda tötänleýin ýüze çykandygyna ynanmaýaryn» diýip belledi.
XS
SM
MD
LG