Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Liwiýa çaknyşyklarynyň togtadylmagyna çagyrýar


Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň gumanitar programmasynyň başlygy Walerie Amos Liwiýadaky gumanitar krizisiň has-da çuňlaşmagynyň öňüni almak üçin ýurtdaky ýaragly çaknyşyklaryň togtadylmagyna çagyryş etdi.

Ol şu gün BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde eden çykyşynda, aýratynam, Liwiýanyň Misurata şäherinde azyk we agyz suw ýetmezçiligi bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň çykgynsyzdygyny aýtdy.

Bu wakanyň fonunda bolsa, käbir şaýatlar öten agşam NATO güýçleriniň paýtagt Tripoli şäherine birnäçe raketa oklaryny atandyklaryny habar berdiler.
XS
SM
MD
LG