Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa: ekstremistdir öýdülýän 7 adam tussag edildi


Şu gün Fransiýanyň howpsuzlyk resmileri Parižiň golaýynda geçirilen ýörite derňewlerde yslam radikalçylary diýlip güman edilýän ýedi adamyň tussag edilendigini habar berdiler.

Fransiýanyň Içeri işler ministrliginiň bir resmisi adynyň tutulmazlyk şerti bilen, Parižiň demirgazygyndaky iki sany ilatly punktda geçirilen bu derňewleriň ýurtdaky jihädçi toparlary anyklamak boýunça alnyp barylýan uly gerimdäki operasiýanyň bir bölegidigini aýtdy.

2-nji maýda “Al-Kaýdanyň” lideri Osama bin Ladeniň öldürilmeginiň yzy bilen Fransiýa we käbir beýleki Ýewropa ýurtlary bolaýmagy mümkin terror hüjümlerine garşy hüşgärligi has-da güýçlendirdiler.
XS
SM
MD
LG