Sepleriň elýeterliligi

Mahaçgaladaky partlamada polisiýa işgäri öldi


Şu gün Orsýetiň habar serişdeleri Dagystan respublikasynyň paýtagty Mahaçgalada janyndan geçen bir hüjümçiniň partladan bombasyndan bir polisiýa işgäriniň ölüp, ýene biriniň hem ýaralanandygyny habar berdiler.

Maglumata görä, bu wakada polisiýa işgärleri biline partlaýyjy enjamlar berkidilgi bir näbelli adamyň ulagyny saklanlarynda, ol öz-özüni partlapdyr.

Orsýetiň Dagystan respublikasy dini ekstremistleriň iň bir aktiw hereket edýän regionlaryndan biri bolmagynda galýar.
XS
SM
MD
LG