Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň ozal turizm ministri azatlykdan mahrum


Şu gün Müsüriň ozalky turizm ministri Zuheir Garranah korrupsiýa bilen baglanyşykly aýyplamalar boýunça bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Hususan-da Müsüriň sudy ony ministrlik wezipesinde işleýärkä döwlet eýeçiligine degişli, millionlarça dollara durýan ýer uçastoklaryny örän arzan bahadan satmaklyga görkezme berenlikde günäli tapdy.

Geçen hepde Müsüriň sudy ýurduň ozalky içeri işler ministri Habib al-Adlyny hem korrupsiýa bilen baglanyşykly 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi.
XS
SM
MD
LG