Sepleriň elýeterliligi

Owgan hökümeti “Talybany” gepleşiklere çagyrdy


Şu gün Owganystanyň hökümeti talyp söweşijileriniň liderlerini hökümetiň öňe sürýän parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmaklyga çagyrdy.

Ýurduň hökümeti “Talyban” liderleriniň bu gepleşikleri ret eden halatynda olara-da “Al-Kaýdanyň” lideri Osama bin Ladeniň kysmatynyň garaşýandygyny duýdurypdyr.

Parahatçylyk meselesi barada şu gün Kabulda açylan iki günlük konferensiýanyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Owganystanyň wise-prezidenti Mohammad Karim Halili bu gepleşikleriň talyplaryň parahatçylyk prosesine goşulmaklary üçinem bir mümkinçilikdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG