Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň BSG-e goşulmaga soňky synanyşygy


Geçmişde BSG-niň ähli agzalarynyň biragyzdan ses beren halatynda haýsydyr bir ýurt bu gurama agza bolup bilýärdi.
Geçmişde BSG-niň ähli agzalarynyň biragyzdan ses beren halatynda haýsydyr bir ýurt bu gurama agza bolup bilýärdi.

Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak ugrunda Orsýetiň 17 ýyllap alyp baran tagallalary ýakyn wagtlarda soňlanjaga meňzeýär. Ýöne onuň anyk nähili netijeler bilen soňlanjagy welin heniz hem belli däl.

Soňky wagtlar Birleşen Ştatlar bilen Ýewropa Bileleşigi şu ýylyň ahyryna çenli Orsýetiň bu Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmak isleglerini goldap çykyş edýärler.

Ýöne bu ugurdaky ýeke-täk päsgelçilik kiçijik Gürjüstan döwletiniň döredýän päsgelçilikleri bolup durýar.

Geçen aý Şweýsariýanyň araçyllyk etmeginde Orsýet bilen Gürjüstan bu mesele boýunça Bern şäherinde ikilenji tapgyr gepleşik geçirdiler. Anyk netije bilen tamamlanmadyk şol gepleşikde taraplar ýene şu aýyň ahyrynda üçülenji gezek gepleşik geçirmegi karar etdiler.

Orsýet BSG-e agza däl iň uly ykdysady döwlet bolup durýar. 2009-njy ýylda Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň öz gatnaşyklaryny täzeçe terzde ýola goýmak baradaky planlarynyň çäklerinde Waşington Orsýetiň bu gurama agza bolmagynyň iki ýurduň arasyndaky täzeçe gatnaşyklarda-da uly oňyn özgerişlik boljakdygyny aýdypdy.

Tbilisi özüniň separatistik regionlary bolan Günorta Osetiýa bilen Abhaziýa regionlarynyň serhetleriniň üstaşyry Orsýetiň alyp barjak söwda gatnaşyklaryna gözegçilik etmeklige dalaş edýär we muny gepleşiklerde şert edip goýýar.

Gürjüstan bu meselede Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzalarynyň öz serhetleriniň üstaşyry amala aşyrylýan söwda işlerine gözegçilik etmelidikleri baradaky düzgünlerden ugur alýar.

Emma 2008-nji ýylda Günorta Osetiýa bilen Abhaziýanyň özbaşdaklygyny ykrar eden Orsýet öz gezeginde bu regionlaryň özbaşdak ýurtlardygyny öňe sürüp, Gürjüstanyň bu ugurdaky talaplaryny ret edýär.

Gürjüstanyň mümkinçiligi

Gürjüstanda ýerleşýän Jemgyýetçilik Işleri Institutynyň halkara gatnaşyklary boýunça koordinatory Bakur Kwaşilawa bu mesele barada şeýle diýdi: «Biz häzir Gürjüstanyň ilkinji we ýeke-täk gezek Orsýetiň planlaryna weto goýmaga mümkinçilik alan ýagdaýyny görýäris. Geçmişde hemişe ýagdaý tersine bolupdy, ýagny, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynda-da, Birleşen Milletler Guramasynda-da Orsýet Gürjüstana garşy weto ulanyp gelýärdi. Indi bu kiçijik ýurt öz elindäki bu guraly maksimum derejede ulanmaga çalyşýar».

Emma Gürjüstanyň bu meselede öz elindäki mümkinçiliklerden näderjede täsirli peýdalanyp biljekdigi welin heniz anyk däl.

Geçmişde BSG-niň ähli agzalarynyň biragyzdan ses beren halatynda haýsydyr bir ýurt bu gurama agza bolup bilýärdi. Ýöne BSG-niň agzalarynyň häzirki özara şertnamasyna görä, täze agzanyň kabul edilmegi üçin bu guramanyň agzalaryndan üçden iki böleginiň ses bermegi ýeterlik hasaplanylýar.

Gürjüstan bilen Bernde geçiriljek indiki gepleşikleriň öňýany Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Günorta Osetiýa bilen Abhaziýa sapar edip, Tbilisiniň hasam gaharyny getirdi.

Munuň hem üstesine, ol 26-njy aprelde žurnalistlere beren interwýusynda Orsýetiň hatda Gürjüstanyň razylygyny almazdan hem BSG-e agza bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi.

Awstriýada ýerleşýän «Institute for Adwanced Studies» atly barlaglar guramasynyň wise-prezidenti, syýasy analitik Hans-Jorj Heinrih Orsýetiň özüne bolan ynamyny onuň ýa-ha bu ugurda Waşingtonyň Tbilisä görkezjek basyşlaryna ýa-da guramanyň agzalaryndan üçden iki böleginiň berjek sesine bil baglaýandygy bilen düşündirdi.
XS
SM
MD
LG