Sepleriň elýeterliligi

Pakistan Osamanyň gizlenmegine göz ýumdumy?


Pakistanyň "Jamaat-e-Islami" dinçi syýasy partiýasynyň aktiwistleri ABŞ-a garşy şygarlary gygyryp, protest geçirýärler, Abbottabat, 2011-nji ýylyň 6-nji maýy

Pakistanyň "Jamaat-e-Islami" dinçi syýasy partiýasynyň aktiwistleri ABŞ-a garşy şygarlary gygyryp, protest geçirýärler, Abbottabat, 2011-nji ýylyň 6-nji maýy

“Al-Kaýda” toparynyň ýolbaşçysy Osama Bin Laden, 10 ýyl töweregi yzarlanyp, iň soňunda 2-nji maýda Pakistanyň Abbottabat şäherinde amerikan harbylary tarapyndan geçirilen operasiýada öldürildi. Bu waka bir tarapdan uly üstünlik diýlip baha berilse, beýleki tarapdan, Pakistanyň käbir ýolbaşçylary Yslamabatdan rugsat almazdan geçirilen bu çäräni tankyt edýärler.

Emma üçünji bir mesele - tutuş dünýäde yzarlanýan şol adamyň neneňsi Pakistanyň harby merkeziniň golaýynda ýaşap, ünsi özüne çekmänligidir. Bu ýagdaýy, eýse onuň gizlenmegine Pakistanyň hökümeti tarapyndan göz ýumuldymy diýlen soragy döredýär.

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu meseleler bilen gyzyklanyp, Waşingtonda ýerleşýän Kato institutynyň Daşary syýasat departamentiniň ýolbaşçysy Kristofer Prebl bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Prebl, Osama Bin Ladeniň öldürilenligi baradaky habar sizi geň galdyrdymy? Häzirki döwürde şeýle habara garaşýardyňyzmy?

Kristofer Prebl: Ýok, elbetde, garaşmaýardym, bu habar hemmäni geň galdyrdy. Operasiýanyň taýýarlygy juda gizlin saklanan bolmaly. Waşington Osamanyň şol ýerde ýaşaýan bolmagy mümkin diýlen habary geçen ýylyň tomsunda alypdyr. Amirkan administrasiýasy şol günden bäri ony yzarlaýan bolmaly. Emma, muňa garamazdan, haçanda Osama öldürildi diýlende, bu habar hemmäni serpmeden gaýdan ýaly etdi.

Azatlyk Radiosy: Eger Osamanyň şol ýerde galýanlygy baradaky habar geçen ýyl tomusda gowşan bolsa, onda bu güne çenli näme üçin garaşyldy?

Kristofer Prebl: Meniň pikirimçe, Osama we onuň barlygy aýdylýan şol öý baradaky maglumat gowşansoň, amirkan wekilleri bu habary tassyklamaga synanyşan bolmaly. Olar şol binany uzakdan-ýakyndan barlan bolmaly. Haçanda Osamanyň şol ýerde ýaşaýandygy tassyklanandan soň, olar harby operasiýa taýýarlanyp, zerur türgenlenşikleri geçiren bolmaly.

Meniň pikirimçe, olar parahat ýaşaýjylara zyýan ýetirmän, bu operasiýanyň şowly amala aşyrylmagy üçin mümkin boldugyndan çalt taýýarlanyp, ony amala aşyrdylar.

Azatlyk Radiosy: Bu ähli aladalaryň we taýýarlyklaryň dowamynda Pakistanyň hökümetine bu ugurda haýsydyr bir maglumat berildimikä?

Kristofer Prebl: Biziň maglumatymyza görä, operasiýa tamamlanýança, bu hakda Pakistana hiç hili maglumat berilmändir.

Azatlyk Radiosy: Osama öldürildi, ýöne bu ugurda dürli soraglar henizem jogapsyz galýar. Meselem, ol ençeme ýyllap neneňsi gizlenip ýaşap bildi? Eýse, onuň Pakistanyň käbir edaralary tarapyndan goralan bolmagy mümkinmi? Bu waka hakda sizi gyzyklandyrýan sorag barmy?

Waşingtonda ýerleşýän Kato institutynyň Daşary syýasat departamentiniň ýolbaşçysy Kristofer Prebl
Kristofer Prebl:
Pakistan barada aýdylanda, Yslamabat bilen Waşingtonyň gatnaşygy soňky döwürlerde gowy däldi. Esasanam Amerikanyň konsulhanasynda iş alyp barýan Reýmond Deýwis bilen bagly soňky döwürlerde ýüze çykan waka, ABŞ-nyň adamsyz uçarlarynyň Pakistanyň tire-taýpalar regionynda amala aşyrýan hüjümlerine garşy Pakistanyň görkezýän reaksiýasy – olardan diňe käbirleri.

Iň soňunda Pakistanyň premýer-ministri Gilaniniň Kabula eden saparynyň dowamynda prezident Karzaýy ABŞ-y öz harby güýçlerini ýurtdan çykarmaga yrmaga synanyşmagy ýaly wakalar hem bolup geçdi. Elbetde, bu Waşingtonda gowy garşyylanmady.

Şeýle-de ABŞ-nyň Pakistana berýän kömegi we şol ýardamyň çäginde talap edilýän şertler – bu aşa çylşyrymly gatnaşykdyr. Osamanyň Pakistanda öldürilmegi bu iki ýurduň arasyndaky dartgynlygyň derejesini görkezýär.

Azatlyk Radiosy: Bu dartgynlylyk ABŞ bilen Pakistanyň gatnaşygynyň geljegine nähili täsirini ýetirer?


Kristofer Prebl:
Bu Pakistanyň bu waka nähili garşylyk görkezjegine bagly. Pakistanyň öňki prezidenti Muşarrafyň bu barada aýdan sözleri asla göwnejaý däl. Meselem, ol özüniň Pakistanyň ýolbaşçysy bolan wagtynda Osamany ele salyp boljak käbir pursatlary sypdyranlygyna garamazdan, häzirki döwürde Osama garşy amala aşyrylan bu operasiýa Pakistanyň özbaşdaklygyna salnan kölege hökmünde baha berýär.

Netijede, men Pakistan tarapyndan görkezilen başky reaksiýalara onyň baha berip biljek däl.

Azatlyk Radiýosy: Pakistan Osama bin Ladeniň şol ýurtda ýaşaýanlygy baradaky hasabatlary yzygiderli ret edip geldi, emma bu waka netijesinde Osamanyň Pakistandadygy ýüze çykdy. Bu Yslamabat bilen Waşingtonyň arasyndaky ynam babatynda nämäni aňladýar?

Kristofer Prebl: Meniň pikirimçe, iki ýurduň arasynda ynamsyzlyk boýunça käbir wakalaryň ýüze çykmagyna garamazdan, men Pakistanyň ýolbaşçylarynyň Osamanyň nirededigini hakykatdan hem bilmeýänlikleri baradaky pikiriň dogry bolmagynyň ahmaldygyny, eger Osamanyň nirededigini bilen bolsalar, ony Waşingtona tabşyrmaklarynyň mümkindigini aýdasym gelýär.

Şol bir wagtyň özünde-de Osamany ela salmak boýunça Pakistanyň nädereje-de çynlakaý alada edenligi hakda amerikanlaryň şübhe bildirmegi hem kadaly bir zat bolup durýar. Sebäbi ol Pakistanda gaty aç-açan bir şäherden tapyldy.

Azatlyk Radiýosy: Waşingtondaky käbir çeşmeleriň, meselem, žurnalist Stiw Kulyň aýtmagyna görä, şol öý Pakistanyň harby merkeziniň juda ýakynynda ýerleşýär, şunlukda Osamanyň şol ýerde ýaşaýanlygyny olaryň bilmezligi mümkin däl, ol hatda Osamanyň harbylaryň goragy astynda saklanan bolmagynyň mümkindigini aýdýar. Siz şeýle pikirlere nähili baha berýärsiňiz? Hakykatdanam Pakistanyň ýolbaşçylarynyň onuň nirededigini bilmezligi mümkinmi?


Kristofer Prebl: Bu ýagdaý, elbetde, käbir çynlakaý soraglary döredýär. Sebäbi biz, umuman, Pakistanyň tire-taýpalar regiony barada gürrüň edýäris. Meselem, şol region hökümetiň o diýen kontrolynda däl, emma bu şäher o regionda ýerleşenok.

Pakistanyň hökümetiniň şol şähere doly kontrollyk etmegine we onuň ýaşaýjylary hakda doly maglumata eýe bolmagyna garaşylýar. Sebäbi şol şäherde harby merkezler ýerleşýär, şol jaýyň töwereginde harby keselhana we harby okuw jaýlary hem bar.

Şunlukda, elbetde, halk bu barada şübhe bildirer we Pakistanyň hökümeti bu soraglara jogap bermeli.

Azatlyk Radiosy: Osamanyň öldürilmegi beýleki gozgalaňçy toparlaryň hereketlerine nähili täsirini ýetirer?

Kristofer Prebl:
Iki zady aýtsa bolar, Osamanyň öldürilmegi “Al-Kaýdanyň” geljegi nukdaýnazaryndan möhüm bir meseledir, sebäbi bu gurama goşulýanlaryň köpüsi Osama Bin Ladene wepalylyk andyny içýärler.

Osamanyň ýerine geçäýmegi mümkin beýleki adamlar, meselem, Aýman Al Zawahiriň Osama ýaly sylanjakdygyny, esasanam Pars aýlagynyň töwereginde ýerleşýän ýurtlardan Osama kömek edýänligi aýdylýan adamlaryň Al-Zawahirini Osama ýaly sylajakdygyny aýtmak kyn. Sebäbi Al-Zawahiri Müsürden, Osama bolsa Saud Arabystandandy.

“Al-Kaýdanyň” agzalary gaty köp milletli bolup, Osama olaryň ählisini birleşdirýän şahsyýet roluny oýnaýardy. Osama ölensoň, beýle bir şahsyýet hem galmady. Meselem, onuň ölümi beýleki gozgalaňçy toparlara, şol sanda “Talybana” nähili täsir ýetirer diýseňiz, men bu iki toparyň asla bilelikde hereket edenligini aýdyp biljek däl.

Şunlukda biz etmeli işlerimizi we amala aşyrýan çärelerimizi gaýtadan gözden geçirmeli. Meselem, olardan biri terrora garşy göreşdir, ýagny ABŞ we onuň ýaranlaryna garşy iş alyp barýan “Al-Kaýda” topary bilen “Talyban” biri-birinden üzňe tutmaly. Sebäbi “Talybanyň” maksady juda çäkli bolup, olar diňe Owganystana üns berýärler. Olaryň soňky ençeme ýyldan bäri alyp barýan tagallalary ABŞ-ny Owganystandan kowup çykarmakdan ybaratdyr.
XS
SM
MD
LG