Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda Fransiýanyň we Marokkonyň raýatlary ele salyndy


Owganystanda talyplaryň tarapynda söweşýän Fransiýanyň we Marokkonyň raýatlary ýurduň harbylary tarapyndan ele salyndy. Bu barada Owganystanyň Goranmak ministrligi habar berýär.

Ministrligiň Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna ugradan beýanatynda bellenmegine görä, duşenbe güni giçlik Zabul welaýatynyň Gazi obasynda geçirilen bu operasiýa owgan armiýasynyň ýörite maksatly söweşejileri tarapyndan amala aşyrylypdyr.

Berilýän maglumata görä, dörän çaknyşykda bäş söweşiji, şol sanda iki päkistanly hem öldürlipdir. Owgan esgerleriniň arasyndan heläk bolany ýok.

Goranmak ministrligiň aýtmagyna görä, operasiýa geçirilen ýerde “uly mukdardaky” ýaraglar hem tapylypdyr we ýok edilipdir.

Bu operasiýa bilen baglylykda başga goşmaça maglumat berilmedi.
XS
SM
MD
LG