Sepleriň elýeterliligi

Yrakdaky partlamada iki polisiýa işgäri öldi


Yragyň Tikrit şäherinde, polisiýanyň patruly geçip barýarka, köçäniň ýakasyndaky bombanyň partladylmagy netijesinde azyndan iki polisiýa ofiseri öldi. Bu barada polisiýa we keselhana işgärleri habar berýärler.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini entek hiç kim öz üstüne almady. Emma “Al-Kaýdanyň” Yrakdaky bölümi özleriniň lideri Bin Ladeniň öldürilmeginiň aryny aljakdyklaryna söz beripdiler.

Osama bin Laden geçen hepdede amerikan güýçleriniň Pakistanda geçiren operasiýasynda öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG