Sepleriň elýeterliligi

Eýranda “Buşerdäki” birinji reaktor işe girizildi


Eýranyň "Buşer" atom energiýa desgasyny guran rus komaniýasynyň aýtmagyna görä, bu desganyň birinji reaktory ýekşenbe güni işe girizilipdir.

“Atomstroýeksport” kompaniýasynyň aýtmagyna görä, häzir reaktor “energiýa gözegçiliginiň iň pes derejesinde” işledilýär.

Birleşen Ştatlar we onuň käbir ýaranlary "Buşer" desgasyny Tähranyň ýadro ýaragyny döretmek ugrundaky synanyşyklarynyň bir bölegi hökmünde häsiýetlendirýärler.

Eýran bu aýyplamalary iňkär edýär.
XS
SM
MD
LG