Sepleriň elýeterliligi

Liwiýanyň doňdurylan pullary gozgalaňçylaryň elýeterinden daşda


Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafi Afrika döwletleriniň Addis Ababadaky samitinde, 2009-njy ýylyň fewral aýy.

Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafi Afrika döwletleriniň Addis Ababadaky samitinde, 2009-njy ýylyň fewral aýy.

Liwiýada Muammar Kaddafiniň hökümetine garşy ýaragly göreş indi üç aýa golaý bäri dowam edýär. Ol bu golaýda hem ýatyşarly däl. Gabawdaky şäher Misuratada söweş güýçli depgin bilen barýar, adamlar azykdan, dermandan we esasy zerur zatlardan kynçylyk çekýärler.

NATO-nyň parahat ilaty goramak missiýasy iki aýa golaý mundan ozal başlansa-da, hökümet güýçleriniň edýän hüjümleriniň yzy henizem üzülenok, gozgalaňçylar hem halkara arkalaşygyndan kömek soraýarlar. Gozgalaňçylaryň “kömek” diýýäni pul. Olara ýarag, derman, azyk we beýleki gerek zatlary satyn almaga pul gerek.

Nebite baý Liwiýanyň hem dünýäniň dürli banklarynda gizläp goýan milliardlarça dollar puly bar. Ýöne bu pullaryň köpüsi Tripoliniň öz raýatlaryna edýän zulum-sütemi sebäpli doňduryldy.

NATO-nyň komandiri general-leýtenant Çarles Bouşard 26-njy aprelde özüniň dowamly şaýat bolýan terroryny şeýle suratlandyrdy: “Kaddafiniň güýçleriniň erkekleriň, aýallaryň we çagarlaryň garşysyna zorluk ulanýanyny görmeýän günüm ýok. Kaddafiniň tarapyny çalýan güýçleriň erkekleri, aýallary we çagalary galkan edinýänini görmeýän günüm ýok. Biziň missiýamyz bu işiň soňuna çykmak”.

Pulsuzlykdan ejir çekýän gozgalaňçylara öten hepde bir gowy habar gowuşdy. Birleşen Ştatlar, Ýewropa döwletleri we Orta Gündogar ýurtlaryndan ybarat “Liwiýa arabaglanyşyk topary” 5-nji maýda geçen duşuşykda esasy gozgalaňçy topar bolan Milli aralyk geçiş geňeşini gysga möhletleýin goldamak üçin wagtlaýyn maliýe mehanizmini döretdi.

Muňa ilki bolup 180 million dollar wada eden Kuweýt boldy. Arabaglanyşyk toparynyň beýleki agzalarynyň hem şular ýaly wadalaryna garaşylsa-da, berlen pullar Geçiş geňeşiniň Kaddafiniň güýçlerini ýeňmek üçin gerek diýýän 2-3 milliard dollaryna barmasa gerek.

Prezident Barak Obamanyň 25-nji fewralda çykaran permany boýunça Liwiýanyň amerikan banklaryndaky doňdurylan pullary bolsa munuň 10 essesinden hem köp.

Doňdurylan pullaryň ykbaly

Liwiýanyň Geçiş geňeşi öz kanunylygyny 17-nji fewralda Liwiýanyň rewolýusion halky tarapyndan döredilen ýerli geňeşleriň kararlaryndan alýandygyny aýtsa-da, ony Liwiýanyň kanuny hökümeti diýip ykarar edýän ýurtlar diňe Katar, Italiýa, Fransiýa, Maldiwler, Kuweýt we Gambiýa. Birleşen Ştatlaryň özüni ykrar etmegini haýyş etmek üçin Geçiş geňeşi aprel aýynyň başlarynda ol ýere Ali Suleýman Aujalyny iberdi.

Gozgalaňçylaryň tarapyna geçmezden öň, Birleşen Ştatlarda Liwiýa ilçilik eden Aujaly: “Ak Tam Geçiş geňeşini ykrar etse, Liwiýanyň doňdurylan pullary gozgalaňçylaryňky bolup, olaryň ýeňiş gazanmak mümkinçiligini artdyrar” diýdi.

Ýöne bu iş beýle aňsat däl bolsa gerek. Waşingtonly adwokat Erik Ferrariniň pikiriçe, Geçiş geňeşi Birleşen Ştatlar tarapyndan resmi taýdan ykarar edilse-de, doňdurylan pullar olara degişli bolmaz. Sebäbi bu iş Birleşen Ştatlar üçin gaty töwekgelçilikli.

“Goý, Geçiş geňeşiniň bu arzuwy amala aşyp, bu pullar oňa geçirildi diýeli. Ýöne Kaddafi häkimiýet başynda galyp, kontrollyk onuň elinde bolsa, näme bolar? Olar ykrar edilse-de, bu seniň Liwiýa hökümetiniň baýlyklaryny hökümete degişli däl bir gurama berdigiň bolar. Şeýlelikde aslynda Liwiýa degişli pullar Geçiş geňeşiniň elinde galar” diýip, Ferrari aýdýar.

Bu logika boýunça, söweşler dowam edip ýörkä, oppozision güýçleriň Liwiýanyň Birleşen Ştatlardaky baýlyklaryny öz tarapyna geçirmek mümkinçiligi ýokary däl.

Amerikanyň Maliýe ministrliginiň işgärleri gozgalaňçylara kömek etmegiň ýollary barada häzir pikir alşylýandygyny aýtdylar. Ýöne Katar gozgalaňçylaryň zerur maliýe çykdajylaryny üpjün etmegi aňsatlaşdyrmak üçin ynam fonduny döretdi.

Nebit öňümçiligi gozgalaňçylaryň kontrollygyndaky şäherlerde dowam edýär. Olar nebitden 100 million dollar töweregi gazanç hem etdiler.
XS
SM
MD
LG