Sepleriň elýeterliligi

Misurata aeroporty gozgalaňçylaryň eline geçdi


11-nji maýda Liwiýada gozgalaňçylar Misurata şäherinde hökümet goşunlaryny yzyna serpikdirip, şäheriň aeroportyny eýeländiklerini habar berdiler.

Şeýle hem pitneçiler Zareek şäheriniň gözegçiligini gaýtadan öz ellerine alandyklaryny aýdýarlar.

Ýewropa Parlamentinde 11-nji maýda geçirilen maslahatda Liwiýadaky ýagdaýlar barada gürrüň edilip, Bengazide ÝB-niň wekilçiligini açmak teklip edildi.

Strasburgda geçirilen maslahatda ÝB-iň Daşarky syýasat boýunça ýolbaşçysy Ketrin Aşton çykyş edip, Bengazide açyljak edaranyň protestçileri ynsanperwerlik kömekleri bilen üpjün etmäge ýardam berjekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG